Konstitusiýada bitaraplyk ýörelgeleri

Baş kanun-Konstitusiýa ýurduň esasy kanuny bolmak bilen döwletiň hukuk esaslaryny berkidýär. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda ýurdumyzyň Esasy Kanuny-Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi.  Konstitusiýa ýurduň içindäki hukuk ýagdaýlaryny düzgünleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem halkara hukugynyň belli bir jähtleri boýunça hem işleri alyp barýar. Onuň içinden halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary eriş-argaç bolup geçýär. Olaryň arasynda iň esasysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen Rezolýusiýasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2018-nji ýylda kabul edilen rejelenen görnüşiniň 2-nji maddasynda “Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir.

Birleşen Milletler Guramasy özüniň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky “ Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýusiýalarynda Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar; Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleri çagyrýar.

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar” diýlip bellenilýär. Şeýle-de Konstitusiýanyň 9-njy maddasynda “Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär.

Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär” diýlip, garaşsyz, hemişelik bitarap Türkmenistanyň halkara giňişliginde bitaraplyk ýörelgesini daşary syýasat ugrunyň esasy ýörelgesi hökmünde alyp barýandygy beýan edilýär.

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky kararnama BMG-niň agza döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Bu halkara baýramçylygyny esaslandyrmak boýunça başlangyçlar milli Liderimiz tarapyndan 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen halkara maslahatynda öňe sürüldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlarynyň düýp esasynda halkymyzyň wagyz edýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, açyklyk ýaly asyrlarboýy türkmen halkynyň ganyna siňen ýörelgeleri ýatyr. Şu ýörelgeler esasynda dünýäniň iri halkara guramasy tarapyndan ykrar edilen Halkara Bitaraplyk güni ata Watanymyzda  2017-nji ýyldan bäri  bellenilip gelinýär. Şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni baradaky kararnama baş kanunymyzda hem öz beýanyny tapdy.  

Ýer ýüzünde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, häzirki wagtda Bitaraplygyň türkmen nusgasy dünýäde, şol sanda sebitde durnuklylygy üpjün etmegiň, ikitaraplaýyn ýa-da köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, özara düşünişmek we hormat goýmak esasynda ösüşleri nazarlaýan gatnaşyklary ýola goýmagyň aýratyn ähmiýetli serişdesi bolup hyzmat edýär. Merkezi Aziýa sebitinde esasy orun eýeleýän bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän ähli başlangyçlary Bitaraplyk filosofiýasynyň özeninde goýlan hakykata, ilkinji nobatda, kanun tarapyndan berkidilen beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyga hem-de parahatçylyk döredijilik maksatlaryna işjeň ýardam bermäge pugta eýermegiň nusgasydyr. G.Berdimuhamedow: “Türkmen Bitaraplygy-bu parahatçylygyň ýoludyr, biziň planetamyzyň ähli halklarynyň dostluk we doganlyk ýoludyr. Goý, bu sözler dabaraly, şol bir wagtda-da buýsançly ýaňlansyn” diýip belläp geçýär.

Dünýä halklarynyň dostluk-doganlyk, ylalaşyk ýoluna öwrülen türkmen bitaraplygy Türkmenistanyň bitarap daşary syýasatyny amala aşyrmakda milli we taryhy ösüşiň aýratynlyklaryny, dünýä hem sebit derejesindäki ýagdaýlary we şertleri hemmetaraplaýyn göz öňünde tutýar. Bu esasda alnyp barylýan binýady berkden tutulan işleriň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halkara-hukuk derejesiniň mümkinçilikleri giňden açylýar we mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar.

Öwez ÖWEZOW,
Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyplary 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok