Uniwersitetiň sanly ulgamy kämilleşdirilýär

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba-hojalyk uniwersiteti lokal serwerde döredilen portalyň hyzmat beriş ulgamy giňeldilýär. Uniwersitetiň kitaphanasynda esaslandyrylan portalyň kömegi bilen uniwersitetde bar bolan fakultetler, hünärler, talyplaryň bilim alýan dersleri barada maglumatlary, şeýle hem kitaplarynyň we gollanmalarynyň elektron görnüşleri alyp bolýar.

Türkmenistan bi­lim ul­ga­mynyň işi­ni döw­re­bap de­re­je­de gu­ra­mak, oňa in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, ýaş­la­ra be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, bu ba­bat­da, mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry göz öňün­de tut­mak bi­len, dün­ýä tej­ri­be­sin­den ugur al­mak, san­ly bi­lim ul­ga­my­na geç­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýurtda 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ösdürme­giň Kon­sep­si­ýa­sy tap­gyr­ma-tap­gyr dur­mu­şa ge­çir­il­ýär.

ARAZMUHAMMET Gutyýew
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

Agroekologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok