Şäher durmuşyndan: Yrymçyl

Bir gün şäherde gezelenç edip ýörkäm howlugyp barýan bir oglana ünsüm gitdi. Ol öňden barýan ýaşulynyň yzyndan ýetiberdi.Şol pursatda ýodanyň gapdalyndaky gülhanadan çal reňkli it çykdy-da,ýoly kesip geçdi. Oglan bir zatdan gorkan ýaly bolup, derrew badyny peseltdi. Ol ýaşulynyň deňine ýetiberen hem bolsa, ozup geçmän, üsti başyna serenjam beren bolup, birsalym durdy. Öňden barýan ýaşuly itiň ýoly kesip geçen ýerinden geçensoň,ýigit biraz rahatlanyp durjakdy welin, öňden barýan ýaşuly birden asgyrdy. Köçäniň aňry ýüzünde ýetip barýan it birden gorkusyna yzyna dolanyp, gülhana sümüldi. Ýigit , itiň täzeden ýoluny kesip geçenligi sebäpli , durup bilmän , yzyndan ýetip gelyanimi gördi-de, menem geçirmekçi boldy.Men ýigidiň deňine ýetip , onuň dere batyp duranyny görüp , eliniň aýasy bilen çalaja arkasyna kakdymda-da: Ýaýdanyp durmasana, men geçerin welin , eglenme- de ýöräber , ýogsa beýdip durşuňa, barjak ýeriňe gijä galarsyň. Men-ä yrym gorkusyndan bireýýäm saplandym. Diňe ýagşy yrymlara yananmak gerek-diýip, ýoluma dowam etdim. Ýöne men bäş-alty ädim büdürän bolara çemeli. Öwrüldim-de: Hä, näme, ýene-de it ýoluňy kesäýdimi?!- diýip degşen boldum. Ýigit utanyp: “Aý, ýok-la, men yrym gorkusy bilen bagly pikire çümüp yorenim sabäpli büdräýdim-dä. Menem geljekde diňe ýagşy yrymlara ynanyp gezmesem boljak däl,” diýdi.

Ilgeldiyew Azymgeldi
S.A.Nyyazow adyndaky TOHU talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok