“Al-Jazira” saýtynda Kolumbiýa uniwersitetiniň professori Hamid Dabaşiniň dünýä belli türkmen alymy Ibn Sinanyň edebi hem ylmy mirasynyň häzirki wagtdaky ähmiýeti baradaky makalasy çap edildi.
Makalada koronawirus pandemiýasynyň şertlerinde dünýä alymlarynyň Ibn Sinanyň ylmy mirasyna bolan gyzyklanmalarynyň artýandygy hakynda aýdylýar.
Kolumbiýa uniwersitetiniň professorynyň öz makalasynda aýtmagyna görä, “Karantin çäklendirmeleriniň düýp başlangyjy Lukman Hekimiň “Lukmançylyk ylmynyň esaslary” atly eserine esaslanýar. Onda owaly bilen ýokanjyň ýaýrawynyň öňüni almak gerekligi hakynda bellenilýär” diýilýär.
Onuň bellemegine esaslansak, bütin dünýäde ýüze çykan koronawirus ýokanjyny ýeňmäge we onuň öňüni almaga dana pederimiz Ýewropada Awitsena diýlip tanalýan alym Ibn Sinanyň ylmy gazananlarynyň kömek edýändigini görkezýär. Bu gün dünýä lukmanlary wirusa garşy göreşde döwrebap lukmançylygyň esasyny goýan Lukman Hekim tarapyndan aýdylan müňýyllyk maslahatlaryna öz ünslerini garadýar.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby
Teswirler