“Maliýe hasabaty we ykdysadyýet” açyk sapagy geçirildi

Tejribeli maliýeçi, ykdysadyýetçi we audit Temirow Ata Çaryýewiç çagalara we ýaşlara ykdysadyýete we maliýe hasabatyna degişli esasy meseleler barada açyk sapak berdi.

Ykdysadyýet we maliýe bilen baglanşykly düşünjeler örän sada we ýönekeý dilde düşündirilmegi, esasan hem kiçi ýaşdaky ykdysadyýet söýerleriň göwnünden turdy.

Ata Temirow öz mugallymçylyk karýerasynda onlarça ökde hasapçylary, maliýeçileri hem-de ykdysadyýetçileri ýetişdirdi we ýetişdirmäge dowam edýär.

Ata Temirow maliýe sowatlylygynyň kiçi ýaşlardan başlamalydygyna, pul bilen baglanşykly düşünjeleri çagalar bilen kiçi ýaşdan gorkman gürleşip, pikir alyşmagy maslahat berýär. Bir döwletiň güýçli binýadyny gurmak üçin ilki bilen ökde lukmanlar we ykdysadyýetçiler gerekdigini nygtaýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok