Hormatly ýolagçylar «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmak we awtobus gatnawlarynyň bökdençsizligini üpjün etmek maksady bilen 2020-nji ýylyň 16-njy iýunyndan 3-nji «Awtokombinat – Täze Zaman» 7-nji «Tekebazar – Awtomenzil», 11-nji « Parahat – Awtomenzil» awtobus ugurlaryna käbir uýtgeşmeler girizilip, 3-nji «Awtokombinat – 3-nji dynç alyş zolagy – Täze Zaman», 7-nji «Tekebazar – 1,2,4-nji dynç alyş zolarklary», 11-nji « Parahat – 1,2,4 dynç alyş zolaklary» awtobus ugurlaryna üýtgeşmeleriň girizilýändigini we 82-nji «Gurtly – 3-nji dynç alyş zolagy» täze awtobus ugrynyň açylýandygyny Siziň dykgatyňyza ýetirýär:
3-nji «Awtokombinat – 3-nji dynç alyş zolagy – Täze Zaman» ugryboýunça awtobus ugry «Awtokombinat» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Nyýazow şaýoly – Magtymguly şaýoly – A.Annaýew köçe -Gurbansoltan eje şaýoly – Ruhabat köçe – Bitaraplyk köçe – G.Kulyýew köçe bilen hereket edip,Gurtly harby şäherçesiniň ýanyndan geçip,3-nji dynç alyş zolagyna barýar we bu ýerden ugrap, G.Kulyýew köçe bilen hereket edip,«Taze zaman» ýaşaýyş toplumyna barýar hem-de yzyna «Täze zaman» ýaşaýyş toplumyndan ugraýar hem-de G.Kulyýew köçe – Bitaraplyk köçe – Ruhabat köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Aba Annaýew köçe – Magtymguly şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – G.Kulyýew köçe – B.Annanow köçe- A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, «Awtokombinat» belleniş nokadyna gelýär. (ugry ütgedilýär)
7-nji «Tekebazar-1,2,4-nji dynç alyş zolarklary» awtobus ugry «Tekebazar» belleniş nokadyndan «1,2,4-nji dynç alyş zolaklaryna» tarap hereket edende, «M.Kaşgary köçesi – Mäti Kösäýew köçesi – A.Gowşudow köçe – Magtymguly şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – A.Berdiýew köçe-Bitarap Türkmenistan şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – Ýeňiş köçe – 2216-njy köçe – Zynhary köçe bilen herek edip, 1,2,4-nji dynç alyş zolaklaryna barýar hem-de yzyna 1,2,4-nji dynç alyş zolaklaryndan yzyna hereket edende Zynhary köçe – 2216-njy köçe – Ýeňiş köçe – A.Nyýazow şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – A.Berdiýew köçe – A.Nyýazow şaýoly -Magtymguly şaýoly – A.Gowşudow köçe bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş nokadyna gelýär.(ugry ütgedilýär)
11-nji « Parahat-1,2,4-nji dynç alyş zolaklary» awtobus ugry «Parahat» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Garlyýew köçe – Oguz han köçe – B.Annanow köçe – Magtymguly şaýoly – N.Andalyp köçe – G.Kulyýew köçe – A.Nyýazow şaýoly – Zynhary köçe bilen herekey edip, 1,2,4-nji dynç alyş zolaklaryna barýar hem-de 1,2,4-nji dynç alyş zolaklaryndan yzyna hereket edende Zynhary köçe- A.Nyýazow şaýoly – G.Kulyýew köçe – N.Andalyp köçe – Magtymguly şaýoly – B.Annanow köçe – 10-ýyl Abadançylyk köçe – A.Garlyýew köçe bilen hereket edip, «Parahat» belleniş nokadyna gelýär. .(ugry ütgedilýär)
82-nji awtobus ugry «Gurtly – 3-nji dynç alyş zolagy» awtobus ugry «Gurtly» belleniş nokadyndan hereket edende Ruhabat köçe-Bitaraplyk köçe – G.Kulyýew köçe bilen hereket edip, Gurtly harby şäherçesiniň ýanyndan geçip Gurtly köle barýar hem-de yzyna Gurtly kölden ugranda Gurtly harby şäherçesiniň ýayndan geçip, G.Kulyýew köçe – Bitaraplyk köçe – Ruhabat köçe bilen hereket edip, «Gurtly» belleniş nokadyna gelýär.(täze açylýar).
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 28-60-30, 28-60-80.
Teswirler