ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASYNDA “BINAGÄRLIK” WE “DIZAÝN” KAFEDRALARYŇ DIPLOM IŞLERINI GORAMAK TAMAMLANDY

13-nji iýunda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik” we “Dizaýn” kafedrasyny üstünlikli tamamlaýan uçurymlaryň diplom işleriniň goragy geçirildi. Binagärlik we dizaýn hünärleri boýunça açyk goraglara medeniýet we sungat işgärleri, halk suratkeşleri, sungatda at gazanan işgärler we şekillendiriş sungatyny söýüjiler gatnaşdylar.

Diplom işleri sungat ýolunda ilkinji ädimleri ädýän ýaşlaryň çeper döredijilik ymtylyşlaryna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Dizaýn kafedrasy talyp diplomantlarymyz Muhammet Baratow,  Enejan Şamuradowa, Kakamyrat Öwezgeldiýew, Ýazjemal Annanyýazowa, Baýramowa Tawus we beýlekileriň diplom işleri  bu sungat ojagynyň içki bezegine niýetlenipdir. Olaryň işleri gadymy taryhymyz bilen baglanyşdyrylyp, häzirki zaman döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen ýerine ýetirilipdir. Diwar bezegindäki relýef we witraž sungatynyň gözelligi, galybersede göwrümli dizaýn sungatynyň täzelikleri talyplaryň bu ýerde alan bilimleriniň, hünärleriniň oňyn netije berendigini äşgär edýär.

Talyp Amanow Myrat hem özüniň saýlap alan diplom işinde ýurdumyzda talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän “Talyp gözeli” atly bäsleşigine niýetlenen lybasyň dizaýn bezegini ýerine ýetiripdir.  Bu “Talyp gözeli” atly egin-eşiginiň dizaýn bezegi milli türkmen lybaslarymyzdan nusga alnyp, döwrebap ülňüler bilen sazlaşdyrylan.     

Binagärlik kafedrasynyň uçurym talyplary Hezretgulyýew Süleýman, Hydyrowa Humaý, Öräýewa Maýa we beýlekiler diýarymyzyň taryhy-medeni goraghanalarynyň ýadygärlikler toplumlarynyň baş meýilnamalaryny we olaryň kiçi göwrümli maketlaryny döwrebap serişdeleriň kömegi bilen taýýarladylar. Orazgeldiýew Geldimyrat, Dädebaýew Ýusup, Işangulyýew Bekdaş, Dolyýewa Aýgül we beýleki talyplar döwrebap binagärligiň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýän täzeçe taslamalary işläp düzdiler. Ýaşlaryň taslamalary ýurdumyzyň gazanan döwrebap binagärlik ülňülerini ýerlikli ulanylyp, aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Umuman, talyplaryň bu işlerinde milli medeniýetimize, sungatymyza bolan söýgini we giň duýgulary görmek bolýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok