Garaşsyz Türkmenistanyň Bagtyýarlyk döwründe türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmegine we kämilleşmegine uly ýol açylýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 6 ýyl okap ylym-bilim alan talyp-ýaşlarynyň diplom işleriniň goragy başlady. Bu gün çeperçilik akademiýasynyň “Nakgaşçylyk we taslama” we “Grafika” kafedralarynyň uçurumlarynyň diplom işleriniň goragy geçirildi. Muňa mysal edip, stanok nakgaşçylygynda ýerine ýetiren Gubyýew Muhammediň “Agzybirlik ojagy” atly diplom eseri türkmen tire-taýpalarynyň bir ojaga jem bolup, toý-baýramçylykda dost-doganlyk gatnaşyklary suratlandyrylýar. Taslamada türkmen han-begleriniň keşbi eseriň esasyny düzüp, türkmeniň ruhubelentligi, batyrlygy, Watanyna bolan söýgüsi öňe çykarylýar. Taslamanyň merkezinde tamdyryň görkezilmegi türkmeniň mukaddes ojagyny, agzybirligini alamatlandyrýar. Türkmen halky bedew atlaryny milli buýsanjy, uçar ganaty hasaplap, toý-dabaranyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Mundan başga-da, diplomant Zakirjan Babaýewiň “Deňiz porty” atly stanok nakgaş eserinde “Awaza” milli syýahatçylyk ugurlaryny nazara alyp, Türkmenbaşy şäherindäki Kaspi deňziniň asudalygyny, gözelligini arassa reňk öwüşginleriniň üsti bilen taslama çögdüdini dogry ýerine ýetiripdir. Bu diplom eseri ýerine ýetirmek bilen Hazar sebitini daşary ýurtlar bolan Gazagystan, Eýran, Russiýa, Azerbaýjan ýaly goňşy döwletler bilen medeni, dost-doganlyk we söwda gatnaşyklarynyň ähmiýetini görkezýär. Onuň bilen birlikde Balkan daglaryny we birnäçe parahat, ýagty reňk öwüşginleri bilen suratlandyrylýar.
Şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk ugryndan teatr-haşam sungaty degişlilikde Kurbanowa Şasenemiň “Gündogar ýyldyzy” atly toplumlaýyn eserinde “Gündogaryň ýyldyzy” atly pýesasyndan, beýik lukman Hekim Abu Ali ibn Sinanyň ömür ýoly, onuň eden beýik işleri, halk üçin bitiren gaýduwsyzlyklary barada gürrüň edilýär. Talyp filosofiki taýdan taslamany dogry ýerine ýetirmegi başarypdyr. Munuň bilen birlikde ssenografiýa sungatyna degişlilikde Jumaýew Döwrangeldi “Binýat” atly diplom eseri bilen çykyş etdi. Ol özüniň taslama eserinde 1040-njy ýylda bolup geçen Daňdanakan söweşinde Watan üçin şirin jandan geçenler, gurban eden mertlerçe söweşen Togrul begiň wakasy beýan edilýär.
Şekillendiriş sungatynyň stanok grafika sungatynyň uçurymy Muhadowa Jeren “Türkmen gelin-gyzlarynyň el-işleri” atly grafika eserini döretdi. Ol birnäçe toplumlaýyn eserden ybarat bolup, olaryň her birinde dürli temany açyp görkezýär. Taslamada bezelen ak öýüň içinde oturan zenanyň el hünäri bilen meşgullanyp oturan keşbini, beýleki bir böleklerinde türkmeniň milli gymmatlyklary bolan halylary, tahýalary, nagyşlary, ketenileri we beýleki ýüplük ýaly milli önümleriň mysalynda eserinde beýan edýär. Ýa bolmasa keteni, haly dokap oturan zenanlaryň we keçeleriň milli nyşanalyk aýratynlyklaryny şekillendirýän el işleri bilen meşgullanyp oturan gelin-gyzlaryň keşplerini synlamak bolýar.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan çäreler bu ulgamyndaky işler hil taýdan täze basgançaga galdyrýar. Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormaty uludyr. Kitap barada akyldar Magtymguly Pyragy hem kitap okan ynsanlar magnydan dok diýen ýaly terbiýeçilik ähmiýetli birnäçe öwüt-nesihatlary öz halkyna goýup gitdi. Şekillendiriş sungatynyň plakat grafika sungatyna degişlilikde Owganowa Hatyja “Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm talabydyr” atly eserinde sanly bilim ulgamy bolan elektron ulgamlaryň sazlaşygy arkaly, taslamanyň merkezinde bilim daragtyny ýerleşdirýär. Bilim daragtlarynyň aralarynda elektron ulgamlaryny, himiki jisimleri, globusy, mikroskoby, palitrany we geometrik jisimlerini şekillendirýär.
Ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmakda, sagdyn düşünjeli ýaşlary kemala getirmekde taýsyz tagallalar edýän, ylym-bilim bilen ähli pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly sanly ulgamyň ösdürilmeginde uly işler alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
BAHAR MAGTYMOWA,
Türkenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň öwreniji mugallymy
Teswirler