Aşgabatda ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi geçirildi

9-nji iýunda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň bilelikde yglan eden «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik ýetip gelýän Ylymlar güni mynasybetli guraldy. Muňa 130-sany ylmy-taslamalar bilen ýaş alymlar gatnaşdylar we ylmyň dört ugry boýunça, ýagny awtomatlaşdyrylan ulgamlar, telekommunikasion tehnologiýalar, kiperhowpsuzlyk we programma üpjünçiligi; oba hojalyk, ekologiýa, biotehnologiýa we lukmançylyk; himiki tehnologiýalar, energetika we innowasion materiallar, şeýle hem innowasion pedagogika we ykdysadyýet ugurlary boýunça geçirildi.   Bäsleşikde taslamalar boýunça çykyşlar görkezildi hem-de ylym, bilim ulgamynda ylym bilen önümçiligiň aýratynlyklary hakynda bellenildi.

Bäsleşige gatnaşan talyp ýaşlaryň hersiniň ylmy taslamalaryny aýratynlykda synlanyňda olaryň şeýle ajaýyp zamanada öz hünärleriniň geljekki ussatlarydygyny aýdyň görmek bolýar.

Bilermenler tarapyndan bäsleşigiň jemi jemlenip, ýeňiji bolan ýaşlara hormat hatlary we baýraklar gowşuryldy. «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşinde Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Mähri Ilmedowa özüniň taýýarlan «Onlaýn bilim» atly taslamasy bilen, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň  talyby Bägül Sylabowa «Tebigy antibakterial sabyn» atly taslamasy bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Akmyrat Allanazarow «Türkmenistanda süýtturşy sargan we dorog önümlerini gaplaýjy bölümiň taslamasy» atly işi bilen, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Begençnazar Baýliýew «Awtomatlaşdyrylan ýyladyşhanany işläp taýýarlamak» atly taslamasy bilen 1-nji orna mynasyp boldular.

Gülşat AHUNOWA,

Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş unuwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok