Möwsümiň soňky çapşyklary

Aşgabat atçylyk toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň soňky tapgyry örän gyzgalaňly ýagdaýda geçirildi. Bu at çapyşygy ýetginjekleriň arasynda jemi on tapgyr boýunça geçirildi.

Her tapgyr umumy 100 metr aralygynda jemlendi. Çekeleşikli  geçirilen at çapyşygyna jemi on iki at gatnaşdyryldy.

Şenbe günki ýaryşda bellenilen aralygy ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň “Daşgala”, “Jadyly”, “Gubadag” şeýle hem “Gojaman”  atly atlary, Rejep Nepesmyradowyň hojalygyna degişli bolan “Gala” aty, Serdar Aşyrowyň hojalygyna degişli “Alagaplaň”, Batyr Çaryýewiň hojalygyna degişli “Gyrbedew” we Guwanç Öwezmyradowyň hojalygyna degişli bolan “Hüýrmelek” ýaly ýyndam atlary öňe saýlanyp ilkinji bolup pellehana gelmegi başardylar.

Yslamguly Allanazarow, Azym Kerimow, Oraz Mämmetnurow, Bahram Çaryýew ýaly ezber ýaş çapyksuwarlar bolsa behişdi bedewlere erk edip, ýeňşiň eýeleri boldular.

Dynç güni bolsa, Aşgabat atçylyk toplumynda ussat çapyksuwarlaryň arasynda ýazky atçapyşygynyň jemleýji tapgyry bilen bilelikde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk hem geçirildi.

    Estrada ýyldyzlarynyň çykyşlary bilen badalga alan bu ýaryş on tapgyrdan ybarat boldy. Ilkinji dört çapyşyk üç ýaşar atlaryň arasynda 1600 metr aralykda, bäşinji çapyşyk 1800 metr aralygynda, altynjy we ýedinji çapyşyklar bolsa 2000, 2400 metr aralyklarynda geçirildi. Ýaryşlaryň jemleri boýunça baýrakly orna Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan “Gutlyhan” bedewi eýelemegi başardy.       Ýeňiji bolan bedewler çapyksuwarlyk edenler Jepbargeldi Hydyrow, Öwezmyrat Ýalkabow, Mergen Kiçigulow, Baba Babaýew, Begençmyrat Agamyradow, Begmyrat Bajamow. Olara uly sylag hormat bilen serpaýlar gowşuryldy. Şunluk bilen ýazky at çapyşyk möwsümi hem uly şowhun bilen tamamlandy.

Gülşat Ahunowa,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok