Tomusy hem gyzykly, hem peýdaly geçirmek üçin …

Bu tomus çagalar üçin “Science Club” gurnagy hyzmat berýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezi tomusky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylarynyň matematika, fizika, himiýa we biologiýa derslerini ýatdan çykarmaz ýaly, hem-de wagtyny gyzykly geçirmeklerine mümkinçilik döretmek üçin “Science Club” gurnagy hyzmata hödürlenýär.

Gurnak hepdede 2 gün geçirilýär. Gurnagyň çeper ýolbaşçysy halkara himiýa olimpiýadalaryň lareaty Nurmuhammet Muradow alyp barýar. Gurnak çagalar üçin tölegsiz esasda hödürlenýär.

Şeýle-de bu merkezde Smart Lab matematika gurnagy, žurnalistika gurnagy hereket edýär. Dürli medeni we köpçülikleýin çäreler gurnalýar.

Žurnalistika gurnagynyň içerki neşri bolan “DDcation” aýda bir gezek çykarylýar we merkeziň alyp barýan işleri bilen içgin tanyşdyrýar.

dd-cation № 001 pdf görnüşde ýükläň (7.1 MB)

«Diller dünýäsi» okuw merkezi 2017-nji ýyldan bäri daşary ýurt dilleri we kompýuter sowatlylygy boýunça möhletli okuwlary gödürleýär. Häzirki wagtda türkmen, iňlis, fransuz, arap, nemes, italýan, hytaý, rus, ýapon, pars we türk dillerini dürli çuňlukda okadylýar.

Kompýuter tehnologiýalary, tebigy ylymlar boýunça möhletli okuwlar hödürlenýär.

Salgysy:
ş. Aşgabat, Parahat 3/2 ýaşaýyş toplumy, Ýunus Emre köçesi (57-nji orta mekdep bilen bitewi bina).

Habarlaşmak üçin :
+99312450796, +99362533883
dillerdunyasi@mail.ru
https://medium.com/dedication

Teswirler

Ayshirin

Tuweleme Gaty gowy:)