Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany ýylynda geçirilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanýar)
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň döwletimiziň ýaşyl tugunda we Baş kanuny bolan Konstitusiýasynda beýan edilmeginiň özünde diýseň uly many bardyr. Hut şu nukdaý nazardan-da, mertebesi belent hormatly Prezidentimiziñ: «Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti, parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz, dostlugymyzyñ we hoşniýetliligimiziñ nyşany hökmünde Ýer ýüzünde belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziñ milli buýsanjymyzdyr, dünýä ýañ salýan abraýymyz we mertebämizdir.»[1] – diýen parasatly taglymynyñ baý mazmuny ýurdumyzyñ hemişelik Bitaraplyk derejesiniñ «Konstitusiýa» we «Tug» diýen iki Watan mukaddesliginde öz teswirini tapmagynyñ ýöne ýere däldigini görkezýär. Çünki, döwlet baýdagy we milli Konstitusiýa ýurt berkararlygymyzyñ goşa ganatydyr. Ýagny, ýaşyl tugumyz türkmen halkymyzyñ milli döwletliligini alamatlandyrýan bolsa, Esasy kanunymyz ýurt berkararlygymyzyñ kanuny binýadynyñ mäkämdigini görkezýär. Diýmek, tug we Konstitusiýa milli döwletliligiñ bütindünýä ykrarnamasydyr. Hut şonuň üçinem, biziň halkymyz mundan 30 ýyl ozal döwlet Garaşsyzlygymyzy berkarar etmeklik ugrunda ilkinji ädim äden mahalynda, ýagny 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasyny kabul eden pursadynda ýurdumyzyň täze milli Konstitusiýasyny işläp düzmeklik meselesi ýüze çykdy we bu babatda halk islegi nazara alnyp konstitusion topar döredildi[2]/[3]. Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasynda: «Şu jarnama Türkmenistanyň täze Konstitusiýasyny işläp taýýarlamak, döwletimiziň kanunçylygyny kämilleşdirmek üçin esas bolup durýar.»[4] – diýlip beýan edilmeginiň özi hem, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen esasy Kanumyzyň düýp mazmun özenini Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasynyň düzýändigini görkezýär. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Konstitusion Kanunyň başynda bolsa bu hukuknamasyny parlamentiň ählihalk sala-salşygynyň netijesinde Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasyny durmuşa geçirmek maksady kabul edendigi bellenilýär. Diýmek, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Konstitusion Kanunynyň Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasyny durmuşa geçirmeklik maksady bilen kabul edilmegi, täze milli Konstitusiýany işläp düzmeklik meselesiniň bolsa Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen ýüze çykmaklygy, bu üç sany taryhy resminamanyň – Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasynyň, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Konstitusion Kanunynyň hem-de Türkmenistanyň milli Konstitusiýasynyň many-mazmun taýdan biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan bütewi gymmatlykdygyny aýan edýär. Hut şu nukdaýnazaryň özi, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen milli Konstitusiýamyzy işläp düzmeklik meselesiniň 1990-njy ýylyň 22-nji awgustyndan ýagny Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen başlanandygyny görkezýär. Munuň özi bolsa Esasy Kanunymyzyň 21 aýyň içinde şol döwrüň bütindünýä hukuk ylmynyň iň soňky gazananlarynyň iň kämil nusgalary bilen milli ýörelgeleri utgaşdyrylyp, örän kämil esasda döredilendigini görkezýär.
Türkmen halky 1991-nji ýylyñ 27-nji oktýabrynda ata-babalarymyzyñ asyrlarboýy arzuwlan milli ýurt Garaşsyzlygymyzy bütindünýä jar eden ählihalk Geñeşinde ýurt berkararlygynyñ mizemejek berk binýady bolan milli Konstitusiýamyzy işläp düzmeklik babatdaky konstitusion toparyň işine hem-de milletimiziň özbaşdak döwletliliginiñ milli yşaraty bolan döwlet baýdagyny döretmeklik baradaky meselä garaldy. Ine, şunuñ özi hem, ýagny döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan günümiz döwlet baýdagyny we Esasy kanuny döretmeklik baradaky meselä garalmagy hem, bu iki mukaddesligiñ döwlet berkararlygynyñ goşa ganatydygyny görkezýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda hereket edýän häzirki milli Konstitusiýamyzyň ilkinji taslamasynyň konstitusion topar tarapyndan parlamentiň 1992-njy ýylyň 19-njy fewralynda geçen mejlisine hödürlenen[5] güni «Türkmenistanyň döwlet nyşanlary hakyndaky» kanuny kabul edilip, türkmen halkymyzyň milli Garaşsyz döwletiniň ýaşyl tugy döredilipdir.
1992-nji ýylyñ 19-njy martynda «Türkmenistan» gazetine neşir edilip halk köpçüliginiñ dykgatyna ýetirilen Türkmenistanyñ milli Konstitusiýasynyñ taslamasynda Türkmenistanyñ döwlet baýdagynyñ ýörite maddada berkidilip, «Türkmenistanyň döwlet nyşanlary hakyndaky» kanundan hem has ýokary hukuk güýjüne eýe edilmegi, bütin türkmen milletiniñ ruhuny galkyndyryp, başyny gök diretdi. Şeýlelikde, ähli watandaşlarymyzyñ makullamagynda halk islegi nazara alnyp 1992-nji ýylyñ 18-nji maýynda milli Konstitusiýamyzyñ güýje giren güni hem-de bu Esasy kanunymyzyñ kabul edilmegi bilen, onuñ ýörite maddasynda berkidilmeklik arkaly döwlet baýdagynyñ has ýokary hukuk güýjüne eýe bolan güni taryha altyn harplar ýazylyp, ildeşlerimiziñ añynda iñ arzyly gün bolup galdy. Hut şu nukdaýnazardan-da, döwlet baýdagynyñ güni bilen milli Konstitusiýamyzyñ gününiñ bir günde baýram edilmeginiñ özünde diýseñ uly many bardyr.
1995-nji ýylyñ 12-nji dekabrynda biziñ ýurdumyza BMG-e tarapyndan hemişelik Bitaraplygyñ berilmegi bilen, bu hukuk derejesi şol ýylyñ 27-nji dekabrynda Konstitusiýamyzda hukuk kadasy hökmünde ýörite maddada, 1997-nji ýylyñ 20-nji ýanwarynda bolsa döwlet baýdagynda zeýtun şahajygynyñ şekili bilen berkidildi. Ýurdumyzyñ hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniñ Watanymyzyñ bu iki mukaddesliginde berkidilmeginiñ özi ýöne ýere däldir. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyñ: «Türkmenistanyñ Konstitusiýasy we Türkmenistanyñ Döwlet baýdagy mizemez agzybirligimizi, bitewüligimizi, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygymyzy alamatlandyrýar»[6] – diýen parasatly paýhasyndan-da mälim bolşy ýaly, döwlet berkararlygymyzyñ goşa ganaty hasaplanýan ýaşyl tugumyz bilen milli Konstitusiýamyzyñ baý many teswiri ýurdumyzyñ hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyñ düýp mazmun özenini düzýär.
Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.
janadow88@gmail.com tjb_makal@list.ru
[1] «Türkmenistan» gazeti. 2018-nji ýylyň 18-nji maýy. 1-nji sahypa.
[2] Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň maglumatlary. 1990. 15-nji sahypa
[3] Garaşsyzlygyň ynamly gadamlary. Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw fondy we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw uprawleniýasynyň Ylmy merkezi, 1996. 52-nji sahypa.
[4] Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň maglumatlary. 1990. 14-nji sahypa
[5] «Türkmenistan» gazeti. 1992-nji 25-nji fewraly. 1-nji sahypa.
[6] «Türkmenistan» gazeti. 2018-nji ýylyň 18-nji maýy. 1-nji sahypa.
Teswirler