Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgertmeler özüniň uly hem giň möçberlidigi bilen tapawutlanýar. Bu özgertmeler hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli paýhasyndan gözbaş alýar. Milli Liderimiziň döwleti dolandyrmak, ösdürmek baradaky ylmy taglymatynda bilimleriň ykdysadyýetine, täze tehnologiýalara uly orun berilýär.
2020-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary tarapyndan, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda teleköpri arkaly sapak geçirildi. Bu gyzykly sapaga ýokary okuw mekdepleriň talyplary we professor mugallymlary gatnaşdylar. Sanly widioaragatnaşyk arkaly Türkmen döwlet medeniýet institutynyň halypa mugallymy Gully Babaýewiç Akyniýazow “Medeniýet barada umumy düşünje” atly sapagy geçirdi. Halypa mugallym sapagynda Medeniýet barada gyzykly gürrüň berdi. Ussat mugallym gürrüňiniň dowamynda şeýle belläp geçdi: “Medeniýet” – grek sözi bolup, ol “owadanlaşdyrmak, ösüş, özgeriş” diýen manylary berýär.
Teleköpri arkaly geçen sapagyň dowamynda halypa mugallym bilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary özlerini gyzyklandyrýan sorag-jogap alyşdylar.
Ylym-bilim we innowasiýalar älemine giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli beýik başlangyçlary dowamat-dowam bolsun!
Oguldursun Çüriýewa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 4-nji ýyl talyby |
Teswirler