Şu gün Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, ussat terjimeçi, dramaturg Nobatguly Rejebow 74 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
Şahyryň ömür ýoluna ser salsak:
Nobatguly Rejebow 1946-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Serhetabat (ozalky Guşgy) etrabynyň Sandykgaçy obasynda doguldy. Ol oba
mekdebini, soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt dilleri fakultetini tamamlady. Nemes dili
mugallymy bolup işledi. 1975-nji ýylda Aşgabada göçüp geldi. Ol «Tokmak» žurnalynda,
«Türkmenistan» neşiýatynda, «Garagum» žurnalynda, «Edebiýat we sungat» gazetinde dürli wezipelerde işledi. Ol köp ýyllar Oguzhan
adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde «Naýza» žurnalynyň baş redaktory bolup zähmet çekdi.
Şahyr, dramaturg Nobatguly Rejebow «Watana bolan söýgisi» medaly bilen sylaglanyldy. Ol birnäçe gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, şa serpaýlaryny aldy. “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk” ýubileý madaly bilen sylaglandy.
InAshgabat web saýty Nobatguly Rejebowyň ýakyn dogan-garyndaşlaryna uly gynanç bildirýär.
Teswirler