Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde “Açyk gapylar güni” geçirildi

2020-2021 okuw ýylynda ýokary okuwa dalaşgärler we isleg bildirýän ähli raýatlar üçin Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde “Açyk gapylar güni” geçirildi.

Çärede uniwersitetiň fakultetleriniň sergi nokatlary, görkezme çykyşlary görkezildi. Şeýle-de döredijilik konserti geçirildi.

Talyplar öz döredijiliklerini, hünär başarnyklary, talyp durmuşy barada gelen myhmanlara maglumat berdi.

Nobatdaky “Açyk gapylar güni” 2020-nji ýylyň 16-njy maýynda geçirilýär.

Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde häzirki wagtda şu ugurlar boýunça okuwlar hödürlenýär:

1. Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).
2. Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika).
3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
4. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
5. Himiýa (hünär: himiýa).
6. Ýeri öwreniş ylymlary (hünärler: geografiýa; kartografiýa; meteorologiýa; ekologiýa).
7. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
8. Taryh we arheologiýa (hünärler: taryh; arheologiýa).
9. Filosofiýa we etika (hünär: filosofiýa).
10. Ylahyýet (hünär: ylahyýet).
11. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (hünärler: syýasaty öwreniş; gündogary öwreniş).
12. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).
13. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: žurnalistika).
14. Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok