Häzirki döwürde türkmen şekillendiriş sungaty günsaýyn ösýär we özgerýär. Şekillendiriş sungatynyň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda nakgaşçylykda türkmen tebigatynyň waspy has belentden ýetirilýär. Tebigatyň aşygy bolup, onuň täsinliklerini öz eserlerinde açyp görkezýän suratkeşlerimiz sanardan kän. Ynha şeýle adamlaryň biri hem halypa mugallym Azat Annaýewdir.
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Bitaraplyk guwanjym, sungatym – baýlygym” atly sergi açyldy. Giň dünýägaraýyşly, görnükli sungaty öwreniji, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymy Azat Annaýewiň döredijiligi hem köptaraplydyr. Halypa, mugallym Azat Annaýewiň ömrüni yzarlasak, onda oňa berlen tebigy zehininiň köptaraplylygy ýüze çykar. Ol öz döwrüniň şahyr-ýazyjylarynyň eserlerini seljerip-seredip görenligi üçin, oňa edebiýatçy diýsek bolardy, onuň özüniň ýazan makalalaryna seredip, oňa žurnalist hem diýmek bolardy. Ýöne ol hakykatda döwletimiziň jemgyýetçiliginiň we şekillendiriş sungatynyň wekilleriniň tarapyndan hem-de sungat muşdaklarynyň tarapyndan ykrar edilmegi bilen, “suratkeş we sungaty öwreniji” diýen ada eýe boldy. Ussat mugallym Azat Annaýew diňe bir mugallymçylyk käri bilen meşgullanmak bilen çäklenmän, eýsem suratkeşlerimiziň döredijilik sergileri mynasybetli taýýarlanýan kataloglaryň birnäçesiniň hem-de köpsanly makalalaryň awtorydyr. Halypa öz zehin başarnygy, çeperçilik ukyby onuň döreden, peýzaž žanrynda ýerine ýetirilen işlerinde aýdyň görkezmegi başarýar. Azat Annaýewiň döredijiliginde şowly çykan işleriniň biri-de deňiz peýzažlarydyr.Onuň deňiz peýzažlary täsirliligi, özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Onuň “Dagdaky köl”, “Bulutly howa”, “Ýagyş, güneş, deňiz”, “Tupan gelýär” eserlerinde reňk öwüşgünliginiň sazlaşygy bilen ýagtylyk bitewi äheňde ýugrulyp, keşpleriň täsirini we eseriň labzyny döredýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat işgärlerine goýulýan sarpa has belentdir. Şu nukdaýnazardan türkmen suratkeşleriniň ýaş nesli täze-täze gözlegleri agtarýarlar. Üstünlikli gözlegleriň netijesinde ajaýyp sungat eserleri dünýä inýär. Halypa mugallym we suratkeş, Azat Annaýewiň döreden gözel tebigatymyzy, Watanymyzyň ajaýyplyklaryny wasp edýän eserleri bilen milli nakgaşçylyk sungatynda mynasyp orun tutjakdygyna berk ynanýarys.
Ylýasowa Gülşat,
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň III-ýyl talyby
Teswirler