MEKDEP OKUWÇYLARY LUKMANÇYLYK BARLAGYNDAN GEÇÝÄRLER

Häzirki wagtda Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde çagalary we mekdep okuwçylaryny saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryndan geçirmek işleri hem barha ýaýbaňlanýar.

Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebinde bolanymyzda, bu ýerde okuwçylaryň saglygy goraýyş-öňüni alyş barlagyndan geçýän pursatlaryna gabat geldik. Şonda ilkinji söhbetdeşimiz mekdebiň müdiri Şemşat Meredowa boldy. Ol mekdepde alnyp barylýan işler barada şeýle gürrüň berdi:

 —  Ähli babatda halkyň bähbidinden ugur alýan milli Liderimiz ynsan saglygyna ýurduň we jemgyýetiň iň uly baýlygy hökmünde garaýar. Sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin ähli şertler döredilýär. Bu babatda ýerlerde, ilat arasynda zyýanly endiklere garşy göreşmek ugrunda yzygiderli  duşuşyklardyr wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän mekdebe çenli çagalar baglarydyr umumybilim edaralarynda hem sanitariýa kanunçylygynyň, şol sanda sanitariýa-gigiýena kadalaryny we düzgünlerini berjaý etmek boýunça bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan mekdep okuwçylarynyň we çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň ata-eneleri bilen wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Mekdebimizde her gün ilkinji sapak saglyk bilen baglanyşdyrylýar. Bu bolsa çagalaryň saglyk, sagdyn durmuş baradaky düşünjesiniň has baýlaşmagyna getirýär.

Şu ýylyň 8-nji aprelinde şäheriň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleriň gatnaşmagynda şäheriň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ýolbaşçylary orta mekdepleriň hojalyk müdirleri, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalary bilen bolan maslahatda zyýansyzlandyryş işlerini geçirmegiň, erginleri taýýarlamagyň, ulanmagyň we saklamagyň düzgünleri boýunça düşündiriş işleri geçirildi.

 Ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynyň girelgelerinde we synp otaglarynda «Saglyk burçlary» döredilip, onda üzärlik, gyzgyn ölçeýji (termometr), oksolin mazy, ýörite zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen ýeterlik üpjün edildi. Çagalar irden gelen dessine olary kesellerden goranmak üçin her gün üzärlik tütedilip, öňüni alyş çäreleri geçirilýär: burunlaryna oksolin mazy çalynýar, elleri ýörite serişdeler bilen süpürilýär.  

 Ynha, şu günler mekdebimizde okuwçylarymyz saglyk gözegçiliginden geçirilýär. Has anygy, okuwçylarymyz stomatolog, oftalmolog, otolarinolog (gulak, burun, bokurdak), deri-wenerolog, pediatr (çaga lukmany), terapewt ýaly lukmanlar topary tarapyndan saglygy goraýyş-öňüni alyş barlagyndan geçirilýär we çagalara saglygyny goramakda, we sport bilen meşgullanmakda degişli maslahatlar berilýär. Bu bolsa okuwçylarymyzyň saglygyny goramakda has ähmiýetlidir. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň berk bedenli, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi ugrunda uly tagalla edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Söhbetdeşlige Aşgabat şäher baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni Rejepdurdy Şahalyýew goşulup, şeýle diýdi:

 — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Bilim ministrlikleriniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny we «Sagdyn mekdepler» maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, olary saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryndan geçirmek maksady bilen, «Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny saglygy goraýyş we öňüni-alyş  barlaglaryndan geçirmek hakynda» bilelikdäki buýrugy esasynda Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi, Saglygy goraýyş müdirligi we Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy bilen bilelikde, şäheriň mekdep okuwçylarynyň ählisini şu ýylyň 13-nji aprelinden 25-nji maýyna çenli aralykda  saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglaryndan geçirmegiň tertibi taýýarlanyldy. Häzirki güne çenli mekdeplerde okaýan okuwçylaryň esasy bölegi saglygy goraýyş we öňüni-alyş barlaglaryndan geçirildi. Häzirki wagtda şäherimiziň Saglyk öýleriniň we mekdepleriň ýolbaşçylarynyň bilelikde alyp barýan işleri esasynda barlaglar guramaçylykly dowam edýär.

— Biz lukmanlar topary çagalary we okuwçylary saglyk gözegçiliginden geçirýäris. Olary diş, göz, gulak, burun, bokurdak, deri-wenerolog, pediatr,  terapewt lukmanlary barlagdan geçirip, saglyklaryny nähili goramalydygyny, ýagny ilkinji nobatda arassaçylygy berjaý etmelidigini aýdyp,  degerli maslahatlaryny berýärler. Bu bolsa çagalaryň öýde, mekdepde we daşarda bolanlarynda arassaçylyk bilen baglanyşykly alyp barmaly düzgünlerini berjaý etmeklerine getirýär.

Ýurdumyzda  ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek hem-de ýokanç keselleriň öňüni almak babatda alnyp barylýan işler özüniň netijesini berýär. — Ynha, häzirki wagtda mekdeplerde geçirýän çärelerimiz hem munuň aýdyň mysalydyr — diýip, Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň epidemiolog lukmany Tyllagözel Çopanowa gürrüň berýär. Hawa, sagdynlyk — rowaçlygyň gözbaşy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok