HYYwÖU-de “Açyk gapylar güni” geçirildi

Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Açyk gapylar güni” geçirildi.

Dabara uniwersitetiň prarektory Nurmuhammet Şyhlyýewiň açylyş çykyşy bilen başlady. Uniwersitetiň 2014-nji ýyldan açylan gününden bäri ýeten sepgitleri barada aýdyp geçdi.

Soňra guramaçylar gün tertibi mälim edip, myhmanlara sergi nokatlaryny we açyk sapaklara gatnaşmaga çagyryldy.

Ýokary okuw mekdebiň fakultetleri we talyp guramalary baradaky sergi nokatlary dabara gelen myhmanlaryň, mekdep okuwçylarynyň ünsüni öz üstüne çekdi. Käbir talyplar öz proýektleri bilen tanyşdyrdy.

Mundan başga-da dürli ugurlar boýunça açyk sapaklar geçirildi. Gelen myhmanlar islendik auditoriýa girip, açyk sapaklara gatnaşmaga mümkinçilik berildi. Filosofiýa, ykdysadyýet, diplomatiýa, programmirleme, menedžment, dünýä dilleri ýaly ugurlar boýunça geçirilen sapaklar, oňa gatnaşýan ýaş myhmanlar üçin geljekki hünärlerini saýlamak üçin umumy düşünje berdi.

Bu dabarany görmäge mümkinçiligi bolmadyklar üçin 2020-nji ýylyň 14-nji maýynda ýene bir “Açyk gapylar güni” geçirilýär.

Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2014-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda 5 fakultetde 14 kafedra hyzmat berýär: filosofiýa, sosiologiýa, halkara halk hukugy, halkara şahsy hukuk, halkara gatnaşyklar wedünýä syýasaty, žurnalistika, halkara ykdysadyýet, halkara söwda, halkara maliýe, ätiýaçlandyryş, halkara menedžment, kompýuter tehnologiýalar, softweýr we maglumat, kommunikasiýalar tehnologiýalary.

Häzirki wagtda bakalawr we magistratura okuwlary berilýär. Daşary ýurtly birnäçe uniwersitetler bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok