ÝAREMEZANLAR — ALKYŞ-DILEGLER

Her bir halkyň özüne degişli ahlak ýörelgeleriniň, durmuşa ornaşan däp-dessurlarynyň, uýýan yrym-ynançlarynyň, dürli baýramlarynyň, olaryň waspyny ýetirýän baý folklor mirasynyň bolşy ýaly, halkyň ýüregine, kalbyna siňen ýörelgeleri hem bolýar. Bu babatda türkmen halky baý mirasa eýedir. Türkmenistan milli Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, öňi bilen gadymdan gelýän mirasyň ähli ugurlaryna eýeçilik gözi bilen garamak ýola goýuldy. Beýik Garaşsyzlyk türkmen halkyna gadymyýetden gelýän däp-dessurlaryny ýöretmäge, ynanýan dini bolan yslamyň baýramlaryny dabaraly bellemäge mümkinçilik döretdi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oraza baýramyny belläp geçmek hakdaky Permana gol çekilýär. Musulman dinini kabul eden halklarda esasy baýramçylyklardan Oraza aýydy, Gurban aýydy bellenilip geçilýär.  «Aýt» arap sözi bolup, baýramçylyk diýmegi aňladýar.

Mukaddes  Remezan aýyny musulman halklar päklenip, kalplarynda ýagşy niýetdir, umyt besläp garşylaýarlar. Allatagaladan rysgal-döwlet, maşgala agzybirligini, ýurt parahatlygyny dileýärler. Geçmişde türkmenler her aýy dabara bilen ugradyp, täze dogan Aýy ýüzlerine sylyp, «Hakgaý-hakgaý telimbaý, ýeneki aýlara, ýeneki ýyllara baş esen, bagry bitin özüň ýetir, Hudaýym!» diýip, täze aýyň parahatlyk, imi-salalyk bilen geçmegini arzuwlap, ýagşy dilegler edipdirler. «Aý dikligine dogsa, onda bendesine rahatlyk garaşýar, eger ýatyk dogsa, onda bendesi şol aýy ylgap, hereket edip geçirmeli» diýen ynanja uýýan halkymyz «Aýym dik — bendäm ýatyk, Aýym ýatyk — bendäm dik» diýen pähimi döredipdir.

Adamzat bu mukaddes aýda on iki synasynyň edebini örän berk saklamalydyr, ýagny, gözüne, gulagyna, diline, aýagyna, eline, umuman, ähli synalaryna diýenini etdirmelidir. Gulak ýakymsyz sözleri diňlemeli däldir, göz ýaramazlyklary görmekden saklanmalydyr, diňe ýagşy zatlara seretmelidir. Çünki bu aý külli günälerden arassalanyş aýydyr. Bu aý birek-birege hemaýat berip, dostlukly gatnaşyklaryň artmaly aýydyr.

«Gudraty güýçli Beýik Biribar, çagajyklarymyzy ýagşylara ýanaşdyr, ýamanlardan azaşdyr, ýagşylara ýaran et, ýamanlardan goran et!» diýlip, üznüksiz dileg edilýär. Her bir halkyň uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdirip gelen däp-dessurlarynyň, edim-gylymlarynyň aňyrsynda şol halkyň milli häsiýetleriniň ýatandygyny unutmaly däldiris. Pähim-paýhasa ýugrulan mirasyny nesillerine galdyran türkmen halky bu aýy aýlaryň sahawatlysy hasaplap, Remezan aýyndan köp ýagşylyklara garaşypdyr.

Adamlar bu aýda Allatagalanyň dergähinde ähli dilegleriň kabul boljakdygyna  ynanypdyrlar. Şonuň üçin hem, Remezan aýy dilegler aýy hasaplanylýar. Külli musulman halklary ýaly, türkmen halky hem bu aýy ýagşy niýetler, umytlar bilen garşylaýar. Ata-babalarymyzyň şahyranalygy kalbyna ornaşan halkymyz bu aýda Allatagaladan edýän dileglerini şygyr setirlerine salyp, halky eserleriň ýörite bir žanryny döredipdir. Žanr folklorçylykda ýaremezanlar adyna eýe bolupdyr. Geçmişde ulularyň, häzirki döwürde bolsa diňe çagalaryň toparlanyşyp, öýme-öý aýlanyp, bu çugdamja, täsin setirleri köpçülikleýin owazlandyryp, bilelikde aýdym edip aýtmaklary bu žanrdaky halky eserleriň aýdymlar atlandyrylmagyna esas döredýär. Galyberse-de, ýaremezançylar köpçülik bolup, sözüň täsir ediji güýji bilen, nygmatlary üçin öý eýesini alkyşlap, şol öýüň eýesine Allatagaladan ýagşy dilegler edýärler.

Ýaremezan setirlerinde husytlar tankytlanylýar, jomartlar barada öwgüli sözler aýdylýar, olara has ýagşy dilegler edilýär:

Az berenler aýýar,

Köp berenler baýaýar,

Bermedikler gylsyradyň

Köprüsinden taýýar, ýa, Remezan!

Garaja çatmaň öý bolsun,

Gapyňyzda toý bolsun,

Köp bereniň ogly bolsun,

Az bereniň gyzy bolsun,

Muhammet ymmatyna, ýa, Remezan!

Ýaremezan bentleriniň terbiýeçilik ähmiýeti hem bu hili setirlerde aýdyň göze ilip dur. Bu setirler adamlarda gowy häsiýetleri terbiýelemäge gönükdirilendir.

Halk hakydasy bu çugdam, alkyşly, täsin setirleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne hem ýetiripdir.

Elbetde, ýaremezan bentleriniň öwrenilişi barada ýatlamak maksadalaýyk bolar. Etnograf O.I. Şaskaýa türkmen ýaremezanlaryny ilkinjileriň hatarynda öwrenen alym N.P.Ostroumowyň pikirlerine salgylanyp, bu žanrdaky eserler hakda makala ýazypdyr. Özi-de 1930-njy ýylda halk arasyna aýlanyp, däbiň ýazgysyny geçiripdir. Mary welaýatynyň Murgap (ozalky Semennik) etrabynyň Şordepe obasyndan ýazyp alan ýaremezan bentlerinden mysallar getirip, olaryň ýitip gitmeli däldigini ýatlap, gyssagly ýazyp almak hakda aýratyn durup geçipdir. Ýazgylar saz öwreniji Muhammetmyrat Nepesliýewiň kömek bermeginde geçirilipdir. Ýaremezanlar türkmen alymlary tarapyndan düýpli öwrenilmäge mynasypdyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok