BAGTA BESLENEN PURSATLAR

Şu gün Köpetdagy etekläp oturan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Jemi ýedi çapyşykdan ybarat bolan at çapyşyklary dürli aralyklarda geçirildi. Her bir çapyşyk tolgundyryjy pursatlara baý boldy.

On iki atdan ybarat bolan her çapyşykdaky pursatlar janköýerlerde uly täsir galdyrdy. Baýramçylyk at çapyşygynyň dowamynda onda ýeňiji bolan çapyksuwarlara, şeýle hem baýramçylyk mynasybetli geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigine, hem-de atlaryň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginde ýeňiji bolanlara Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýlary gowşuryldy.

Begençmyrat AGAMYRADOW,

çapyksuwar:

— Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen baýramçylyk at çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dorgunan atly dor at bilen dört we ulyýaşar atlaryň arasynda 2400 metr aralyga yglan edilen 7-nji çapyşykda pellehana ilkinji bolup gelip, hormatly Prezidentimiziň baş baýragyna mynasyp boldum.

Dorgunan barada aýtsam, ol Gülüstan bilen Göwhergaşyň neslinden. Onuň seýsi öz kakam — Türkmenistanyň halk atşynasy Kakamyrat Agamyradow. Türkmen bedewiniň milli baýramy biziň maşgalamyz üçin hem goşa baýram, goşa şatlyk bolup geldi. Çünki baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän günleri kakama hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeniniň gowşurylmagy, şeýle hem doganym Şirmyrada bolsa Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalyk şahadatnamasynyň gowşurylmagy göwnümizi galkyndyrdy.

Ýazgeldi GARAJAÝEW,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň

7-nji orta mekdebiniň okuwçysy:

— Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen bedewleriň päsgelçilikden böküp geçmek bäsleşigine Türkmenistanyň Atly sport federasiýasynda degişli bolan, 2009-njy ýylda doglan Altynhan diýen bedew bilen gatnaşyp birinji orna mynasyp bolup, Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Şa serpaýy meni täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Atçylyk sporty bilen meşgullanýan doganym Begli Garajaýewiň meniň atçylyk sportuna gelmegimde uly hyzmatynyň bardygyny belläsim gelýär. Indi iki ýyl bäri Nikolaý Beglarýanyň halypalyk etmeginde atçylyk sportunyň inçe tilsimlerini öwrenip gelýärin.

Behişdi bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda atçylyk sportunyň ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan işler rowaçlyga beslenýär. Indi birnäçe ýyl bäri atçylyk sporty bilen gyzyklanýan türgenleriň sany barha artýar. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak ugrunda yzygiderli ýaryşlar geçirilýär. 2019-njy ýylda bellenilen Türkmen bedewiniň milli baýramynda geçirilen bedewleriň päsgelçilikden bökmek bäsleşiginde ikinji orna, şeýle gem şol ýylyň iýun aýynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda hem birinji orna mynasyp bolup çempion bolmagy başardym.

Maksatmuhammet MELÄÝEW,

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň ýaşaýjysy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň türgeni:

— Şu gün meniň durmuşymda ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň toýlanyljak ýyly bolan — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda bellenilen Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde geçirilen uzak aralyga atly ýörüş bäsleşigine gatnaşyp, birinji orny eýeläp, behişdi bedewlerimiziň Hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty meniň üçin, şeýle-de bagtyýar maşgalamyz üçin şatlykly wakalaryň biri boldy.

Özüm ýedi ýaşymdan bäri atçylyk bilen gyzyklanýaryn. Häzir maşgalamyzda jigim Mekan hem atçylyk sporty bilen gyzyklanýar. Atçylyk bilen gyzyklanyp başlan ilkinji ýyllarym maňa Çarymyrat Muhammedow halypalyk etdi. Onuň yhlasy bilen ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilýän at çapyşyklaryna gatnaşyp birnäçe gezek baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardym.

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigine ikinji gezek gatnaşýaryn. 2018-nji ýylda bu ýaryşa ilkinji gezek gatnaşyp, üçünji orna mynasyp boldum. Meniň bu ugurda kämilleşmegimde halypam Myrat Duýdanowyň ýardamynyň uludygyny belläsim gelýär.

Şu ýylky geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigine otuzdan gowrak bedew gatnaşdy. Elbetde ýaryş iki tapgyrdan ybarat bolup, onda jemi 60 kilometr ýol geçdik. Ilkinji 30 kilometrlik ýoly geçenimizden soňra weterinar lukmanlar tarapyndan atlaryň ýürek urşy, gyzgynlygy barlanylýar. Saglyk ýagdaýy kadaly bolan atlar ýaryşyň ikinji tapgyryna gatnaşdyrylýar. Men bu bäsleşige Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli bolan, 2012-nji ýylda doglan Gadyrly diýen gara reňkli bedew bilen gatnaşdym.

Ykbal Saparow,

Üçünji derejeli çapyksuwar, 4-nji çapyşygyň ýeňijisi:

— Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylyk at çapyşygynda ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumynyň baýragyny almak ugrunda dördünji çapyşykda 1800 metr aralyga çenli geçirilen ýaryşa Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Bäherden atçylyk toplumyna degişli bolan Dorbürgüt atly dor at bilen gatnaşyp pellehana birinji bolup gelmegi başardym. Dorbürgüt Gadyr II bilen Aýperiniň neslinden. Ýelden ýüwrük bilen bilen bellenilen aralygy 1 minut 56,8 sekuntda geçdim. Özüm bilen bilelikde 12 çapyksuwar ýeňşe tarap ýeňip barýar. Ynha-da, pellehanadan meniň bilen deň hatarda çapyksuwarlaryň birnäçesi geçýär. Ilki kimiň ýeňiji bolanyny bilmämsoň, özümi dürsäp, eýläme-beýläme garaýaryn. Ine, berdenem «Dorbürgüt atly dor at ilkinji bolup, pellehanadan geçmegi başardy» diýip, meniň atymy adyny tutdular. Şol wagt şeýle bir tolgundym.

Meniň çapyksuwar bolup ýetişmegimde kakam — Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Derýa Saparowyň uly ýardamy bar. Çünki ilkinji halypam kakamyň hojalygymyzda seýisleýän atlary bilen gezim etmegi, çapuw ýodasynda at çapyşyklaryna gatnaşmagy kiçiligimden arzuw edýärdim. Doganym Ylham Saparow bilen indi birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklaryna yzygiderli gatnaşyp baýrakly orunlary eýeläp gelýäris. Pursatdan peýdalanyp, atşynaslar maşgalasy bolup geljekde hem bu atçylygy ösdürmege mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza hormatly Prezidentimizi ynandyrýarys. Atşynaslar hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwren hormatly Prezidentimize alkyşymyz egsilmezdir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok