Şabaz kafede külalçylyk workşoplary geçirilýär

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Şabaz kafede keramika işleri boýunça workşoplary geçirilýär.

Bahar Ýazmyradowanyň ýolbaşçylygyndaky külalçylyk studiosy bu geçirýän master klasslaryny bu sungatyň 3-70 ýaş aralygyndaky islendik muşdagyna hödürleýär.

Bu workşopyň çäklerinde kiçi çagalaryň barmaklarynyň ownuk motorikalaryny ösdürmek üçin palçykdan şekil ýasamak , sekiz ýaşdan uly çagalar üçin bolsa gonçar çarhy bilen işleşmegi öwredip, muny güýmenje ýa-da hünäre öwürmek okuwlary alnyp barylýar.

Keramika işlerinde ýerli şykka palçygy ulanylýar. Enjamlar bolsa Hytaý döwletinden getirdildi.

Şabaz kafede geçiriljek nobatdaky workşop 2020-nji ýylyň 25-nji aprelinde geçirilýär. Gatnaşmak isleýänler +99361212783  telefon belgisi arkaly habarlaşyp biler.

Keramika studiosy Ankara köçesiniň 99-njy jaýynda ýerleşen Nebitgaz toplumynyň medeniýet merkezinde ýerleşýär. Her dynç güni sagat 11:00-13:00 aralygynda bu ýerde hem workşop ussahana işleri gurnalýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok