ÇAGALARYŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ HATYRASYNA

Şu ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň saglyk hem-de bilim meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Şol maslahatyň dowamynda ýurdumyzda zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň «Altyn nesil» çagalar guramasyny döretmek barada belläp geçdi.

Häzirki wagtda çagalaryň bagtyýar geljegi ugrunda alnyp barylýan işleriň çäginde halkara guramalar bilen hem ýola goýlan hyzmatdaşlyklaryň gerimi giňdeldilýär.

Türkmenistan döwletimiz ýaş nesliň abadançylygyny üpjün etmek, çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Biziň ýurdumyz Çagalaryň durmuşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna goşulyp, çagalaryň we eneleriň saglygyny goramak ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýär.

         Biz hem «INAshgabat» internet saýtymyzyň okyjylary üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Kristina WEÝGAND bilen söhbetdeş bolup, çagalaryň abadançylygy ugrunda ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

         — Hanym Kristina Weýgand, Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili hökmünde, ilki bilen, «InAshgabat» internet saýtymyzyň okyjylaryny ÝUNISEF-niň esasy iş ugurlary bilen gysgaça tanyşdyrsaňyz?

         — «InAshgabadyň» gadyrly okyjylary, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili hökmünde, bu, megerem, meniň saýtyň okyjylary üçin ilkinji söhbetdeşligimdir. Siziň her biriňiziň — türkmenistanly çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak ugrunda guramamyz bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli dowam etdiriljekdigini ynam bilen aýtmak isleýärin.

         Çagalar gaznasy 1953-nji ýylda döredilip, işiniň esasy maksady bütin dünýäniň çagalarynyň howpsuz, sagdyn we bagtly çagalyga bolan hukuklaryny goramak we goldamak bilen baglydyr. Guramamyz öz işinde Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýa esaslanýar. ÝUNISEF çagalar doglanyndan, tä ýetginjeklik ýaşyna çenli olaryň saglygynyň ähli meseleleri bilen gyzyklanýar. Şeýle hem gaznamyz ýurtlaryň hökümetlerine çagalaryň talaplaryny hemmetaraplaýyn kanagatlandyrmak üçin meýilnamalarydyr maksatnamalary taýýarlamaga kömek berýär.

         — Çagalaryň bähbidine Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrýan maksatnamalaryňyz barada aýdyp beräýseňiz?

         — Türkmenistan ÝUNISEF bilen 1992-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär. 1993 — 1994-nji ýyllarda Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygyň ilkinji maksatnamasy amala aşyryldy. 1995 — 1999-njy ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň doly maksatnamasy durmuşa geçirilip, çagalar we eneler üçin zerur hyzmatlary bermek; halkara bileleşiginiň üsti bilen goşmaça serişdeleri çekmek; bilimiň hilini gowulandyrmak; çagalaryň we eneleriň saglygyny goramak; ýokanç keselleriň öňüni almak ýaly ugurlar bu resminamanyň esasyny düzdi. 2010 — 2015-nji ýyllara niýetlenen maksatnama bolsa Müňýyllygyň ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly boldy.

         Biziň guramamyz Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak we goramak, anemiýanyň  öňüni almak we oňa garşy göreşmek, çaga kesellerini bitewüleşdirip alyp barmak, duzy ýodlaşdyrylmak we uny demir bilen baýlaşdyrmak, maşgala ýörelgesi boýunça ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça meýilnamalary hem bilelikde amala aşyrýar.

         — «InAshgabat» interner saýtymyzyň okyjylaryny geljekde öňde goýýan maksatlaryňyz bilen hem tanyşdyraýsaňyz?

Türkmenistanyň Hökümeti bilen ozal gazanylan ylalaşyklaryň giň toplumy boýunça iş alyp barýarys. Çagalar bilen bagly ähli meseleler — olaryň sagdyn ösüp, kemala gelmegi, mekdebe çenli, başlangyç we orta bilim, çagalaryň maliýe üpjünçiligi şol taslamalarda ileri tutulýan ugurlar hasaplanylýar. Döwür bilen aýakdaş gitmek her birimiz üçin ähmiýetli. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi tizleşdirmek — Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ähli düzümleriniň esasy maksatlarynyň biri. Hut şonuň üçin hem Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça netijeli işlerdir gepleşikleri geçirmek, biziň geljekki wezipelerimiziň esasy özenidir.

2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak — öňümizde durýan wajyp wezipeleriň ýene-de biri. Häzirki wagtda bu ugurda degişli ministrliklerdir pudak edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris, bilermenlerdir hünärmenler bilen pikir alyşýarys. 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary bilen Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýa tassyklanyldy. Şeýle-de şu ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň çäklerinde biz siziň ýurduňyzyň degişli edaralary bilen 7 sany möhüm resminama gol çekdik. Şu resminamalarda göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmak ine, biziň geljekki esasy maksadymyz!

Hanym Kristina Weýgand, gyzykly gürrüňleriňiz üçin Size köp sagbolsun aýdýarys! «InAshgabat» internet saýtymyzyň ähli okyjylarynyň adyndan alyp barýan işiňizde hemişe üstünlik arzuw edýäris!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok