Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiň Permany bilen ýurdumyzyň atşynaslaryna, hususy atşynaslara, çapyksuwarlara hormatly atlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Biz hem dabarada bolup, Şa serpaýyna mynasyp bolan ildeşlerimiziň beren buýsançly gürrüňlerini ýazga geçirip okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Toýly PIRMYRADOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş
Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň
ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Seýisçilik bölüminiň seýsi:
— Bedew batly bagtyýar döwrümiziň şeýle tutumly toý-baýramly günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak — uly mertebe, uly bagt. Hut şu pursat özümi pellehanadan ilkinji bolup geçen bedewleriň argynlyk duýman, guş kibi ganat açýan pursadyndaky ýaly duýdum. Halkymyzyň çuňňur ynanjyna görä, bedewe siňdirilen yhlas bagt, bereket bolup dolanýar. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli atşynaslara ýapan Şa serpaýy, bildiren belent hormaty üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşymyz çäksizdir. «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at meni has-da netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Biz seýisler üçin athanamyzda atlarymyza ideg etmäge, olary ýokary derejede seýislemäge ähli şertler döredilen. Seýisçilik — özbaşyna uly sungat. Sebäbi örän irginsizligi, inçeligi talap edýän bu kärde atlar bilen adamyň sazlaşygyny, düşünişmegini gazanmaly.
Özüm kiçiligimde at çapmaga höwes edip halypa seýisleriň ýanyna gatnap ilki at çapmagy, soňra bolsa seýisçilik kärini öwrendim. Geçen zähmet ýolunda Bamy, Kazy, Perman atly behişdi bedewlerimiz ýurdumyzda geçirilen at çapyşyklarynda birnäçe gezek ýeňiji bolmagy başardy. Seýisleýän atlarym bilen ýaş çapyksuwar Öwezmyrat Gurbanmyradow aýlawlara gatnaşýar. Maşgalamda iki çagam — bir oglum, bir gyzym bar. Oglum Annageldi häzir üçünji synpda okaýar. Ol şu günlerden çapyksuwar bolmagy arzuw edýär. Nesip bolsa, geljek ýyllarda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçiriljek ýaryşlara gatnaşyp, bildiren ynamymyzy ödär diýip umyt edýäris. Biz atşynaslar baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Goý, mundan beýläk hem bedew batly bagtyýar Watanymyzda diňe ösüşleriň, at-abraýly menzilleriň toýy toýlansyn!
Ezberguly BABALYÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş
Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň
ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň atly sport we marafon
bölüminiň seýis-tälimçisi:
— Hormatly Prezidentimiz türkmen bedewleriniň şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlary bilen atşynaslara goýulýan hormat-sarpa barha artýar.
Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan gadymy hem şöhratly taryhynda türkmen dünýä medeniýetiniň ösüşlerine ajaýyp medeni gymmatlyklary goşupdyr. Şol gymmatlyklaryň biri hem gözellikde, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk gamyşgulak bedewlerimizdir. Halk özüniň bedew atyny mydamalyk hemrasy hasaplap gelipdir. Türkmen bedewleri merdana ata-babalarymyzyň söweş güni ýoldaşy, syrdaşy, toý gününde buýsanjy bolupdyr. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Watana bolan söýgüsi üçin» medal bilen sylaglanmagym meni baýramçylyk joşgunymy artdyrdy. 2005-nji ýyldan bäri ýurdumyzda geçirilen ýaryşlara gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýärin. Galkynyş, Böri, Bereketli, atlarym bilen dürli ýaryşlarda ýeňiji bolmagym meni täze üstünliklere ruhlandyrdy. Buýsançly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen «Aşgabat 2017» oýunlaryna hem gatnaşyp üstünlikli çykyş etmegi başardym. Şu ýylyň 22-nji aprelinde Aşgabat atçylyk sport toplumynda bedew atlaryň arasynda päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça geçirilen ýaryşda hem ikinji orna mynasyp bolmagy başardym. Pursatdan peýdalanyp, ýapan Şa serpaýy üçin Gahryman Arkadagymyza tutuş maşgalamyzyň adyndan alkyş aýdýaryn. Goý, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan döwletli işleri rowaç bolsun.
Teswirler