Ertir — 24-nji aprel. Oraza aýynyň ilkinji güni. Abadan, parahat we eşretli durmuşyň hözirini görýän agzybir halkymyz mübärek Oraza aýyny garşy alyp, agyz bekläp, Diýarymyzyň gülläp ösmegi üçin ýagşy doga-dilegler ederler.
Remezan aýy kalby päkligiň, arassalygyň, agzybirligiň aýydyr. Bu aý agyz beklemek, bedenimizi taplamak we köňlümizi ruhy taýdan arassalamak, päklemek üçin mübärek aýdyr.
Oraza sagdynlygyň açarydyr. Çünki Oraza aýynda agyz beklemek bedeniň açlyga-suwsyzlyga garşy durmak güýjüni artdyrýar. Ata-babalarymyzdan «Oraza tutuň, bedeniň berk, sagdyn bolsun» diýen parasatly jümleler hem bize miras galypdyr.
Oraza aýynyň öňýanynda çagalaryň «Ýaremezan» aýdyp, öýlere aýlanmagy bilen her bir döwletli maşgalanyň gapysy kakylýar.
Oraza geler haý bilen,
Bir bölejik taý bilen,
Taýym batga batanda
Çykaryň «haý-haý» bilen!
Çagalar dowamyny şeýle beýan edýärler:
Biz-ä sizi baý gördük,
Tüýnügňizde Aý gördük,
Altyn bilen apardyk,
Kümüş bilen gopardyk.
Öý eýeleri ýaremezan sanawajyny aýdýan çagalara köke, süýji berýärler. Şeýdibem ýagşy niýetler, ak arzuwlar köňüllere şatlyk paýlaýar.
Bu mukaddes aýda halkymyz täze dogan Aýy ýüzüne sylyp, ýagşy dilegler edýär. Däp-dessurlarymyza laýyklykda bu aýda agyz bekläp, her bir ojakda agzaçar sadakalary berilýär, tagat-ybadatlar amal edilýär. Oraza aýy Magtymguly Pyragynyň:
Ýigrimi dört sagatda, on iki aýda,
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn
— diýip, baha beren aýydyr.
Halkymyzda Oraza aýynyň, Gadyr gijesiniň aýratyn ähmiýeti bardyr. Türkmen halkynyň geçen taryhy ýoly watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk, paýhaslylyk, halallyk, dogruçyllyk we päklik ýaly beýik ýörelgeler beslenendir.
Ýurdumyza Oraza aýy ýetip geldi. Bu aýyň mübärek ýalkymy tutuş Zemini nur-imana besleýän häzirki döwrümizde amal edilýän sogaply işler mähriban halkymyzyň rysgalyna rysgal, dowamatyna dowam bolsun! Goý, mübärek Remezan aýynda etjek ýagşy dilegleriňiz, berjek sadaka-pitreleriňiz, päk arzuw-niýetleriňiz beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Teswirler