109-njy çagalar bagynda köpugurly sport çäresi geçirildi

Aşgabat şäherindäki 109-njy çagalar bagynda terbiýelenýän körpeje çagalaryň arasynda sport çäresi geçirildi.

Çäräniň düzüminde maşklary ýerine ýetirmek, pökgini tora salmak, düzzim ýaly sport ýumuşlary ýerine ýetirildi.

Çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan gurnaldy.

Çäräniň ahyrynda çärä gatnaşan körpeje çagalara TSTP-nyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlar berildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok