“Daýan” okuw merkezinde bahar konserti geçirildi

“Daýan” okuw merkezinde janly orkestrli mini konsert geçirildi. Konserte merkeziň diňleýjileri we paýtagtyň ýaşaýjylary tomaşa etmäge geldi.

Konsertde janly aýdym we sazlar ýerine ýetirildi.

Wokalist Merdan Jumadurdyýew “Sowgat”, “Ýürekde sen”, “Läläm” ýaly awtorlyk aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Bulardan başga köpçüligiň söýgüsini gazanan “Gülälek”, “Şonda läläm”, “Arzym aýtmaga geldim” ýaly nostalgiýa aýdymlary hem aýtdy.

Orkestrda Meýlis Hydyrow (spripka), Süleýman Çaryýew (ritm), Allanur Magtymow (klawiş), Süleýman Hüseýinow (gitara) sazandarlayk etdiler.

Şeýle-de skripkaçy Meýlis Hydyrowyň baş sazandarlygynda ýewropa sazlary, Dance Monkey, Seniorita, Älemgoşar, Saňa diýen sazlar ýerine ýetirildi.

“Daýan” okuw merkezi daşary ýurt dilleri, kompýuter we çeperçilik ugurlary boýunça möhletli okuwlary hödürleýär.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok