Bazarlarda haryt bolçulygy yzgiderli üpjün edilýär

Dünýäni öz täsiri astyna alan COVID-19 koronawirus epidemiýasy sebäpli köp ýurtlarda berk izolasiýa çäreleri görmäge mejbur boldy. Serhetden, howada, demirýollarynda, awtoulag ýollarda hereket çäklendirildi ýa-da besedildi. Muňa garamazda Türkmenistan hökümeti harytlaryň eksport we import hereketleri boýunça gerekli çäreleri gördi.

2015-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan Döwlet Maksatnamasy esasynda eksport edilýän harytlaryň we importuň ornuny tutýan önümleriň önümçiligi artdyrmak esasy wezipe bolup durýar. We bu maksatnama netijeli işlenilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýeterlik derejede azyk önümleri, dermanlar we sarp ediş harytlary öndürilýär. Pandemiýa döwri bu harytlaryň üpjünçiligine täsirini ýetirmeýär.

“Paýtagtyň bazarlarynda harydyň üpjünçiligi, söwdanyň guralşy boýunça işleri yzgiderli amala aşyryp ýörüs. Ynha häzir hem görüp durşuňyz ýaly bazarlarymyzda gök, miwe, bakja önümleriniň doly üpjün edilen bazarlaryň söwda tekjeleri gök, miwe, bakja önümlerini satmak üçin halkymyza niýetlenen. Häzirem ine näçe ýyl bäri şu satylýan zatlaryň aglabasy Türkmenistanda öndürülýär.

Hyýar, pomidor, bolgar, käşir, kelem, şugundur,  turp, gök otlary. Bulary barysy Türkmenistanda çykýan önümler.  Bizem şol ýerli önümlerimize şertnama baglaşyp, şu harytlar bize yzgiderli üpjün edilip dur. Harytlaryň ammarlarymyzda-da goşmaça gorlary saklanyp dur.

Türkmenistanda öndürilýän ähli däneli önümlerem , tüwi, mäş, noýba;  wermişel, makaron, olaryňam ähli görnüşleri doly üpjün edilip dur. Munuň daşyndan Türkmenistanda önmeýän käbir önümler, sitrus önümleri, alma, mandarin, banan ýaly önümlerem getirmek boýunça ýörite şertnamalarymyz işläp dur. Bazarlarymyza üpjüp edilip dur. 

Häzir şol önümleriň epesli bölegi biziň ammarlarymyzda dur. Bazarlara goýberlip dur. Biziň ýurdumyzyň telekeçileri, önüm öndürijiler bilen bilelikde bazarlary üpjün etmek boýunça alyp barýar. Onuň daşyndan  ýörite lomaý bazar döredildi. Ol ýerde-de gök önüm öndürijiden alman, bölekleýin almak üçinem ýörite şertler döredildi.  Hemme önümler şotaýda satylyp dur. Ýeterlik gozada bar,” diýip Aşgabat şäher Bazarlar Birleşmesiniň başlygynyň orunbasary maglumat berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok