«San­ly çöz­güt — 2020» at­ly in­no­wasion tas­la­ma bäsleşigi

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan
programma üpjünçiliklerini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan fiziki we ýuridik şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bäsleşik yglan edilýär.
Bäsleşigiň ugurlary:
— saglygy goraýyş;
— ylym we bilim;
— senagat;
— ulag we kommunikasiýa;
— hyzmatlar ulgamy;
— orta we kiçi telekeçilik;
— «akylly şäher».
Bäsleşige ýurdumyzyň ähli fiziki we ýuridik şahslary özleriniň taýýar programma üpjünçilikleri we innowasion oýlap tapmalary
bilen gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipleri bermegiň ahyrky möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabry.
Bäsleşigiň jemleri «Türkmentel — 2020» atly halkara serginiň geçirilýän günleri jemlener. Bäsleşige gatnaşmagyň tertibi we talaplary baradaky maglumatlary telecom.tm internet saýtyndan alyp bilersi­ňiz.

Ha­bar­laş­mak üçin telefon belgileri: (+99312) 98-12-12, 98-13-13.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok