Saglyk ýoluna ýöriş gurnaldy

Eziz diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde, jemgyýetimiziň saglygyny gorap saklamakda uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygy ähli zatdan ýokary tutulýan gymmatlyk bolup durýar. Mekdebe çenli çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli sagdyn durmuş ýörelgeleri giňden wagyz edilýär. Ynha bu dynç gününde bolsa ir säher bilen Köpetdagy etekläp oturan “Saglyk ýoluna” Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünyä dilleri institutynyň, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrliginiň Söwda Kooperatiw mekdebiniň agzybir talyp ýaşlary uly ruhubelentlik bilen saglyk ýoluny geçdiler. InAshgabat web saýtynyň döredijilik topary hem bu ýerde bolup 8 kilometrlik ýoly talyp ýaşlar bilen bilelikde geçdi. Elbetde, jana şypaly arassa dag howasy her bir adama ruhy lezzet berýär we ertirki güne bolan ynamyňy has-da güýçlendirýär. Saglyk ýolunyň düşülýän ýerinde köpçülikleýin bedenterbiýe maşklary, aýdym-sazly görkezme çykyşlary geçirildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok