“Päk Nesil” okuw merkezinde mugallymlar üçin amaly okuw geçirildi

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Päk Nesil” okuw merkezinde iňlis dili boýunça okadýan mugallymlar üçin amaly okuw maslahaty geçirildi.

Maslahatda “Toparlaýyn işler bilen diňleýjileri okuw prosesine gatnaşygyny ýola goýmak” temasy boýunça tejribe alyş-çalyşy geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň daşary ýurt dillerini öwretmek baradaky Milli konsepsiýasyny durmuşa geçirmek üçin hususy eýeçilige degişli, TSTB-nyň agzasy bolan bilim ojaklary hem öz mynasyp goşantlaryny goşýar.

“Päk Nesil” hojalyk jemgyýeti 2013-nji ýyldan bäri daşary ýurt dilleri, matematika we kompýuter tehnologiýalary boýunça möhletli okuwlary hödürleýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok