Baharyň nurana günlerinde, tebigatyň güläleklere beslenýän döwründe täze sany çapdan çykan «Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak» žurnalynda hem tebigatyň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsine degişli gyzykly maglumatlar berilýär. Žurnal «Howanyň ählumumy üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça halkara tagallalaryna Türkmenistanyň goşandy» diýen makala bilen açylýar. Bu asylly işe ýurdumyzyň goşandyny anyk maglumatlar arkaly beýan edilmegi makalanyň täsirliligini has hem artdyrýar. Makaladaky «Ýurdumyzda pürli, ýaprakly we miweli agaçlaryň hem üzümiň 10 milliona golaý nahalyny 2020-nji ýylda oturtmak hakynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Kararynyň kabul edilmegi ýene-de bir möhüm ediş boldy» diýen setirler aýdanlarymyza aýdyň mysalydyr.
«Türkmenistanda milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi» atly makala hem bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Ondaky «Tokaýlar diňe bir çig malyň we dürli önümleriň çeşmesi bolman, eýsem daşky gurşawa, umuman, ekologiýa düýpli täsir edýän kuwwatly serişdeleriň biridir. Olar topragyň zaýalanmagynyň hem-de bozulmagynyň öňüni alýanlar, atmosfera howasynyň himiki düzümini, temperaturasyny we çyglylygyny kadalaşdyrýarlar, ony zyýanly gazlardan we tüsseden arassalaýarlar, kesel dörediji bakteriýalaryň we mikroblaryň zyýanly täsirini peseldýärler» diýen setirler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklaýan ýurdumyzy bossanlyga öwürmek baradaky döwlet syýasatynyň uly ähmiýete eýedigini ýene bir ýola aýdyň görkezýär.
Ýurdumyzda energiýanyň adaty däl çeşmelerini ulanmaklygyň mümkinçilikleri hem žurnalyň yzygiderli mowzuklarynyň biri hökmünde bellenilmäge mynasypdyr. Žurnalyň bu sanynda hem «Türkmenistanda energiýanyň adaty däl çeşmelerini ulanmaklygyň mümkinçilikleri» atly makala hem şu tema bagyşlanylypdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy önümçilik merkeziniň hünärmenleri toplumy ýylylyk we elektrik energiýasy bilen üpjün etjek kuwwatlylygy 10 mWt bolan utgaşykly işleýän gün we ýol beketleriniň taslamasynyň üstünde işleýärler. Olar gurluşygyň barşynda elektrik energiýasy bilen üpjün etjek energiýa üpjünçilik ulgamynyň taslamasyny eýýäm milli taýýarladylar. Taslamany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda medeni we durmuş ähmiýetli 9 binany, şeýle-de 122 sany ýaşaýyş jaýyny we 6 sany injenerçilik desgasyny gurmak meýilleşdirýär» diýen setirler bu ugurdaky tutumly işleriň uludygyny görkezýär.
«Deňiz suwuny süýjetmegiň usullary, barada», «Garabogazköl aýlagynyň täsin tebigy baýlyklary», «Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň täsin biodürlüligi» «Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen teňňeganatly mör-möjekleriň sanawy hakynda» atly makalalar hem tebigata söýgi döretmekde, oňa sarpaly garamakda uly ähmiýete eýedir. «Porderäniň orhideýaly jülgeleri», atly makala bizi ýurdumyzyň ösümlik dünýäsine, has atly Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň çäginde, Sumbar jülgesinde ýerleşýän porderä syýahata çagyrýar. Şunuň bilen baglanyşykly berlen ajaýyp gülleriň suratlaryny synlanyňda Porderäniň adynyň baharda däli-porhan bolup joşandygyndan gelip çykandygyna düşünmek kyn däl. Munuň şeýledigini makaladaky «şeýlelik bilen, Pordere jülgesinde orhidler maşgalasyndan 7 görnüşiň ösýändigini olardan 4-siniň jülgäniň ösümlik dünýäsinde täzelikdigi hakynda netijä gelip bolar» diýen setirler hem aýdyň tassyklaýar. «Türkmenistanyň ir gülleýän dermanlyk ösümlikleri» atly makalada ene topragymyzda bitýän dermanlyk ösüşlikleri» atly kitabynda beýan edilýän köpdürli ösümlik dünýäsiniň uly tebigy baýdaklarymyzyň biridigini nygtalýar. Makalada maglumat berilýän ýazyň ilkinji günlerinde gülleýän çüňkli çymylgan, sapaklyja sonarça, baýsun sonarçasy fedçenkonyň nowruzgüli, meýdançerrigi, ýylan sogany, dere sogany ýaly ösümlikler owadan daşky görnüşini bolşy ýaly gymmatly dermanlyk ösümliklerdir. «Zantoksilum — özboluşly …. açar» atly makalada hem bezog, hem dermanlyk häsiýetli bu gyrymsy agajyň ýurdymyzyň Botanika bagynda iki görnüşiniň bardygy hakda gyzykly maglumat berilýär.
Synymyzy jemläp aýdanymyzda, «Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak» žurnalynyň nobatdaky sany hem ajaýyp tebigatymyz bilen baglanyşykly gyzykly hem gymmatly maglumatlary bilen öz okyjylaryny ýene-de begendirer hem-de olaryň sanynyň artmagyna ýardam eder diýip pugta ynanýarys.
Teswirler