“Açyk gapylar” güni geçirilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty 2020-nji ýy­lyň 5-nji maýynda sagat 1500-da ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuw­çy­la­ry­ny, es­ger­le­ri, önüm­çi­lik­de zäh­met çek­ýän ýaşlary we biziň institutymyza okuwa girmäge isleg bildirýän raýatlary «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.
«Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, milli Liderimiziň ylym-bilim ul-
gamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, institutyň durmuşy baradaky diwarlyklar we wideofilm, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» atly muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.

Ins­ti­tu­tyň sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri,
Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.
Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon­lar: 22-02-63, 22-68-45.

HOŞ GEL­DI­ŇIZ!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok