Ýewropa hepdeligi geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezinde Ýewropa hepdeligi geçirildi.

Hepdeligiň çäklerinde Fransiýa we Awstriýa döwletleriniň tanyşdyryş duşuşyklary geçirildi.

Aşgabat şäheriniň 27-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Serdar Çaryýew we Akmämmet Hummedow Ýewropada ýaşan döwürlerinden tejribeleri bilen paýlaşdy.

Serdar Çaryýew, Ýewropada 8 ýyl ýaşan. Çagalygy Germaniýa we Fransiýada geçen. Türkmen, rus, iňlis we fransuz dillerini suwara gürleýär. Tebigy ylymlara gyzyklanýar. Gazagystanda geçen Halkara taslama bäsleşiginiň laureaty.

Akmämmet Hummedow, Awstriýada bir ýyl orta mekdepde bilim alan. Öz şäherindäki futbol toparynda profesional ýagdaýda orta meýdan oýunçysy hökmünde oýnan we ligada çykyş eden. Öz toparyny 1-nji liga çykarmagy başaran. Türkmen, rus, iňlis we nemes dillerini suwara bilýär. Sport we kompýuter tehnologiýalary bilen gyzyklanýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok