“Bagtyýarlyk” göçme kubogynyň saýlama tapgyry tamamlandy

Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň göçme kubogynyň saýlama tapgyry tamamlandy.

Aşgabat şäheriniň Bagatyýarlyk etrap häkimliginiň Bagtyýarlyk etrabyndaky orta mekdepleriň arasynda her ýyl aprel aýynda, ýagny “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” bir aýlygy mynasybetli kiçi futbol boýunça geçirilýän “Bagtyýarlyk” atly göçme kubogynyň şu ýylky turnamentiniň saýlama tapgyrlary tamamlandy.

Kuboga etrapdaky 50 mekdep toparlaýyn gatnaşýar. Ilkinji tapgyr knockout (ýagny ýeňilen topar ýaryşdan çykýar) görnüşde geçirildi. 2019-njy ýyl göçme kubogyň eýesi Bagtyýarlyk etrabynyň 72-nji orta mekdebi eýe boldy.

Bu sport ýaryşynyň geçirilmegine şeýle-de Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligi, “Bagtyýarlyk” köpugurly sport toplumy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi hem gatnaşýar.

“Bagtyýarlyk” göçme kubogynyň II tapgyry 24-nji aprele çenli, III (jemleýji) tapgyry bolsa 31-nji aprele çenli tamamlanar.

Ilkinji tapgyr oýunlarynyň netijeleri:

29-njy orta mekdep [1:5] 72-nji orta mekdep
3-nji orta mekdep [0:4] 40-njy orta mekdep
8-nji orta mekdep [5:0] 62-nji orta mekdep
20-nji orta mekdep [2:3] 2-nji orta mekdep
76-njy orta mekdep [2:0] 7-nji orta mekdep
15-nji orta mekdep [4:1] 21-nji orta mekdep
54-nji orta mekdep [1:5] 32-nji orta mekdep
39-njy orta mekdep [3:0] 65-nji orta mekdep
59-njy orta mekdep [1:2] 61-nji orta mekdep
74-nji orta mekdep [5:0] 113-nji orta mekdep
114-nji orta mekdep [0:10] 116-njy orta mekdep
112-nji orta mekdep [6:1] 63-nji orta mekdep
7-nji orta mekdep [3:1] 20-nji orta mekdep
124-nji orta mekdep [2:0] 118-nji orta mekdep
121-nji orta mekdep [?:?] 115-nji orta mekdep
119-njy orta mekdep [7:0] 122-nji orta mekdep

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok