Türkmen halkymyz gadymdan bäri naýbaşy gymmatlyklary döredip, olaryň milli hem-de umumadamzat bähbitlerine ulanylmagyny üpjün eden halk. Halkymyzyň milli sungatyny baýlaşdyrýan ajaýyplyklaryň arasynda ady äleme dolup, şöhraty dünýä ýaýran mirasymyz bolan atşynaslyk sungatymyzdyr. Türkmeniň bedew atlary baradaky kämil hünärmenliginiň netijesinde häzirki ahalteke bedewleri döräpdir. Dünýäni haýrana goýan, üsti Süleýmanyň tagtyna deňelen, ir turup ataňdan soň görülen türkmen bedewleri hakynda gürrüň edilse, ilki bilen Göroglynyň uçar ganaty, ýowuz günde ýoldaşy bolan Gyraty, Ata Gowşudowyň “Dordepeli” ýadyňa düşýär. Lälezar sähramyza ajaýyp görk berýän, şan-şöhraty rowaýata öwrülen bedewlerimize halkymyz uly ähmiýet beripdir. Türkmeniň ykbalynda atlaryň şeýle derejeli orun eýelemegi ýöne ýerden däldir. Halkymyz öz bedew atyny hiç wagt haýwan hasaplamandyr, ony özüniň wepaly dosty, ýoldaşy, syrdaşy hasaplapdyr. Täze dünýä inen taýçanaklary eý görüp, gözüniň göreji saýypdyrlar. Öz agzyndan kesip, oňa iýdirip, çaga deýin süýt berip, ýumurtga bilen iýmitläpdirler. Hat-da olara öz perzentlerine dakýan atlaryny-da dakypdyrlar. Olary boýdan-başa sünnälenip edilen şaý-sepler bilen bezäpdirler. Özüni owadanlykda, ýyndamlykda, çydamlylykda tanadan bedewlerimiz gerek ýerinde bars, gaplaň ýaly ýyrtyjy haýwanlar bilen hem ýüzleşip, olardan rüstem gelmegi başarypdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda ahalteke bedewlerimizi şöhratlandyrmak babatynda uly aladalar edýär. Prezidentimiziň başda durmagynda Diýarymyzda her ýyl ahalteke bedewlerimiziň arasynda bäsleşik geçirilmegi, biziň milli baýlyklarymyzyň waspyny äleme ýaýýar. Arkadagymyz özüniň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda dünýä siwilizasiýasynyň gymmatly genji-hazynasy bolan ahalteke bedewlerimize mynasyp baha berdi.
Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Ahalteke bedewlerimiziň gözelligini halka ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Ahalteke atlarynyň gözelligi şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda” atly bäsleşikde dürli ugurlar boýunça mugallymlaryň hem-de talyplaryň gatnaşmagynda bäsleşik gurnaldy. Olaryň nakgaş eserlerine Şageldi Orazlyýewiň “Gyratyň halas edilişi”, Nurberdi Batyrowyň “Gadam batly bedew”, grafika eserlere Döwletgeldi Akyýewiň “Osman atlary” Suraý Rejepowanyň “Bedew”, binagärlik we dizaýn işlerine Saparmyrat Maksadowyň “Arzuw”, Seýran Beşerowyň “Gadam batly bedew”, heýkel eserlerine Aýjahan Karaşowanyň “Geljege ýol”, Meýlis Myradowyň “Goja seýis”, haly we zergär işlerine Oguljennet Mollaýewanyň “Atda wepada bar sapada” Amanmyrat Gurbanweliýewiň “Türkmen bedewi”, Keramiki eserlere Oguljemal Pirmämmedowanyň “Bedew küşt”, Gülbahar Srybekowanyň “Bedew” atly işlerini mysal getirmek bolar. Olar ýerine ýetiren döredijilikli eserlerinde türkmen bedewleriniň keşbini ussatlyk bilen açyp görkezdiler. Sergä welaýatlarymyzyň sungat hem-de çeperçilik mekdepleri hem öz döredijilikli işleri bilen gatnaşdylar. Olaryň eserleri halka ýetirilip, degişli orunlara mynasyp baýraklar gowşuryldy.
Ençeme asyrlardan bäri merdana ýigitlerimiziň uçar ganaty saýylyp gelinýän ahalteke bedewlerimiziň bu günki gün gözelliginde müňýyllyklaryň dowamynda çekilen zähmetiň miwesi bardyr. Milletiň ýyllara siňdirilen yhlas zehininden kemal alan atlarymyz behişdi bedewlige ýetişdi.
Annajahan Sapargeldiýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy “Sungaty öwreniş”
Teswirler