Hukuk, biznes we tehnologiýalar mekdebinde ýaşlar we mekdep okuwçylary üçin “Netijeli aragatnaşyk we söhbet etmek endikleri” atly trening geçirildi.
Merkeziň mugallymy Halow Döwran bu trenigler bilen ýaşlaryň öz ukyp başarnygyny kemala getirmäge, geljekde saýlap aljak hünärlerini barada umumy düşünje gazanmaga ýardam berip berjekdigini nygtady.
Bu treýninge gatnaşan Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň okuwçysy Nowruh Gurbanow: “Kommunikasiýanyň durmuşda beýle zerur orun tutýandygyna doly göz ýetirmändim. Şugünki okuw meniň özüme bolan ynamymy has-da artdyrdy,” diýdi.
“Aktiw we passiw diňlemek temasy hem-de oňa degişli ýumuşlar göwnüme ýarady. Mekdepdäki sapaklarymy özleşdirmekde munuň täsiriniň boljagyna ynanýaryn,” diýip bu treýninge gatnaşan ýene bir diňleýji Ahmetýarowa Aýgül belledi.
Bu treningler dynç günleri dowam edýär. Nobatdaky treningler şu tertipde geçirilýär:
12.04.2020 sagat 10:00 – 17:00 (arakesme 13:00-14:00)
Telekeçiligiň esaslary: Biznes etikasy:
– Täsirli işe ýerleşmek üçin usullar we gurallar,
– Rezýume taýýarlamagy tertibi,
– Söhbetdeşligi netijeli geçirýäris.
19.04.2020 sagat 10:00 – 17:00 (arakesme 13:00-14:00)
Liderlik we özüňi tanyşdyryş ukyplary:
– Töwerekdäki adamlara bilen netijeli täsiri ýetirmek başarnygyny kemala getirmek,
– Öz liderlik potensiýalyňy we başarnyklaryňy analiz etmek,
– Özüňi tanatmak ýa-da dilewarlyk sungaty.
26.04.2020 sagat 10:00 – 17:00 (arakesme 13:00-14:00)
Üstünlige ilkinji ädimler:
– Maksat we wezipeleri kesgitlemek,
– Emosional intellektual,
– Karar almak ukyplary.
3.05.2020 sagat 10:00 – 17:00 (arakesme 13:00-14:00)
Täsirli aragatnaşyk we söhbet etmek ukyplary:
– Karýerany planlamak,
– Bäsleşik başarnyklary,
– Täsirli iş komunikasiýalary.
Trening üçin toparlar 14-18 ýa-da 18-25 ýaş aralygynda kabul edilýär.
Treningler tölegli esasda alnyp barylýar we ähli gatnaşyjylara sertifikat berilýär.
“Hukuk, biznes we tehnologiýalar” mekdebi 2014-nji ýyldan bäri daşary ýurt dilleri, mental arifmetika, kompýuter sowatlylygy, buhgalteriýa, hukuk ýaly ugurlar boýunça möhletli okuwlary hödürleýär. Şeýle-de şahsyýeti kemala getiriş treýningleri ýygy-ýygydan gurnaýar.
Teswirler