Möjek sürüsinde önüp ösen adam

Möjek sürüsinde önüp-ösen adam çagasy diýlende Mawgli ýadymyza düşýär. Mawgliniň başdan geçirenlerini hakyky durmuşda başdan geçiren Juma Jumaýewdir. Ol barada orient habar saýtynda şeýle diýilýär:
“Adamyň ýabany haýwanlar bilen dostlugy hakynda köp hekaýalar bar. Bularyň iň meşhury Rudýard Kiplingiň “Tokaý kitaby” atly kitabynyň gahrymany Mawglidir. Möjek sürüsinde ýaşaýan adam çagasy baradaky bu eseri, ýazyjyny bütin dünýäde şöhratlandyrdy. Edil şuňa meňzeş bir waka Türkmenistanda 1957-nji ýylda bolup geçýär. Ýagny, çöle tarap ugran geologlar bir topar möjek sürüsiniň arasynda bir oglany tapýarlar…”

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok