Bütindünýä saglyk gününe «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň 2020-nji ýyldaky 1-nji sany çapdan çykdy. Žurnalyň 1-nji sahypasynda «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly makala ýerleşdirilipdir. Şeýle-de, redaksiýanyň işgärleri üçin örän wajyp waka bolan «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň ilkinji sanynyň çapdan çykmagynyň birýyllyk senesine aýratyn sahypa berlipdir. 

 Žurnalda «Saglyk ýolundaky sport baýramçylygy» atly makala hem okyjylaryň ünsüni çekse gerek. Onda fewral aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň, Mejlisiň, harby hem-de hukuk goraýjy düzümleriň, ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş barada täsirli gürrüň berilýär.

Häzirki wagtda türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Şol ýaryşlarda ýokary sport görkezijilerini gazanmak üçin lukmançylyk taýdan rugsat edilýän ýörite iýmit goşundylaryndan peýdalanmagyň ähmiýeti hem uludyr. «Woleýbolçynyň iýmitleniş düzgüni» atly makalada haýsy witaminlerden, nähili peýdalanylmalydygy barada maslahatlar berilýär.

 «Halypa-şägirtlik ýoly ― kämillik mekdebi» atly makala, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçen, türkmen sportunyň ýaşuly wekilleriniň ýaş türgenler, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary bilen bolan duşuşygyna bagyşlanýar. 

Sportuň haýsy görnüşiniň janköýeri has kän?! Žurnal daşary ýurt neşirlerine salgylanmak arkaly sportuň dünýä ýüzünde iň giňden ýaýran görnüşleriniň 10-syny kesgitledi. Şeýle hem «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly türkmen ýaşlarynyň arasynda iň ýörgünli sport görnüşlerini anyklamak üçin ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň arasynda pikir soraşma geçirdi. «Türkmenistanda iň meşhur 10 sport görnüşi» atly makalanyň üsti bilen siz pikir soraşmanyň netijesi bilen tanşyp bilersiňiz.

«Esasy zat ýeňiş gazanmak däl-de, gatnaşmak» diýen şygar sportsöýüjileriň aglabasyna mälimdir. Sport babatynda şeýle ýörgünli bu söz düzümi haçan döräpdir?! Okyjy 1908-nji ýylda Londonda geçen IV Olimpiýa oýunlary baradaky maglumatlary okap, bu sowala jogap alar. Bu şygar indi ençeme ýyl bäri Mary welaýatynyň Murgap etrapynyň Hyrslan Jumaýew adyndaky daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy 75 ýaşly ýaşuly Aga Orunowyň hem durmuş ýörelgesine öwrülipdir. Ol welosipedli we pyýada ýörişleri geçirmek, sport ýaryşlaryny guramak bilen ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesiniň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Bu barada gürrüň berýän «Ýaşuly nesil sport bilen meşgullanmagy nesihat edýär»  atly makala hem ýaşlaryň ünsüni çekse gerek.

Şeýle hem okyjylar žurnal arkaly beýleki gyzykly makalalar, sport täzelikleri bilen tanşyp bilerler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok