Aşgabat şäherindäki käbir awtobuslaryň ugurlary üýtgedilýär

Hormatly ýolagçylar!

«Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatymyzyňawtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyňýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň8-nji aprelinden 50-nji «Teke bazar — Daşgala» we 63-nji «Teke bazar — Garadaşaýak» hem-de 2020-nji ýylyň10-njy aprelinden 61-nji «Teke bazar — Büzmeýin» we 74-nji «Teke bazar — Büzmeýin» ugry boýunça gatnaýan awtobuslaryňhereket edýän ugurlaryna üýtgetmeleriňgirizilýändigini Siziňdykgatyňyza ýetirýär.

— 50-nji — «Teke bazar — Daşgala» ugry boýunça awtobus «Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de Mahmyt Kaşgarly, Azady, Görogly köçeleri bilen hereket edip, «Bagyr» ýaşaýyş toplumyna barýar we yzyna, Görogly köçesi, A.Nyýazow şaýoly, M.Kösäýew köçesi bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş nokadyna gelýär.

— 63-nji — «Teke bazar — Garadaşaýak» ugry boýunça awtobus «Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de Mahmyt Kaşgarly, Azady köçeleri, A.Nyýazow şaýoly, Görogly köçesi bilen hereket edip, «Garadaşaýak» ýaşaýyş toplumyna barýar we yzyna, Görogly köçesi, A.Nyýazow şaýoly, M.Kösäýew köçesi bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş nokadyna gelýär.

— 61-nji — «Teke bazar — Büzmeýin» ugry boýunça awtobus «Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de Mahmyt Kaşgarly, Azady, Görogly köçeleri bilen hereket edip, «Büzmeýin» ýaşaýyş toplumyna barýar we yzyna, Görogly köçesi, A.Nyýazow şaýoly, M.Kösäýew köçesi bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş nokadyna gelýär.

— 74-nji — «Teke bazar — Büzmeýin» ugur boýunça awtobus «Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de Mahmyt Kaşgarly, Azady köçeleri, A.Nyýazow şaýoly, Görogly köçesi bilen hereket edip, «Akdaşaýak» ýaşaýyş toplumyna barýar we yzyna, Görogly köçesi, A.Nyýazow şaýoly, M.Kösäýew köçesi bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 28-60-30, 28-60-80.

Çeşme: Türkmenistan gazeti, 07.04.2020

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok