Aşgabatda Bütindünýa saglyk güni bellenildi

Ýurdumyzda giňden bellenilen Bütindünýä saglyk gününiň dabaralary paýtagtymyzda hem giň gerim bilen dowam etdi. Bagtyýarlygyň säheri bilen Köpetdagyň gerişlerinden uzalyp gidýän Saglyk ýolunyň golaýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary beden maşklaryny ýerine ýetirdiler. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň şatlygyny artdyrdy.

Soňra bu ýerde ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ähli sport görnüşleri bilen birlikde welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany günsaýyn artýar.

Güýmenje hasaplanan welosiped sporty soňky ýyllarda millionlarça türkmenistanlylaryň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şol sebäpden hem ýurdumyz dünýäniň welosiped sürüjileriniň iň köp bolan ýurtlarynyň hataryna goşulýar diýsegem hakykatdan daş düşdigimiz bolmaz.

Baýramçylyk güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynda guramanyň işgärleriniň gatnaşmagynda beden maşklary ýerine ýetirilip, bu ýerde ýaşlaryň arasynda hem duşuşyklar geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Demokratik partiýasynyň syýasy geňeşiniň, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, şeýle-de, Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Hormatly Prezidentimiziň göreldesi — sagdyn durmuş ýörelgesi» atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Bütindünýä saglyk gününiň bellenilmeginiň ähmiýeti dogrusynda, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmak, ýurdumyzda sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Bu günki gün Türkmenistan sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan sagdyn durmuş ýörelgesi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan netijeli işler, türgenlerimiziň iri halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri munuň şeýledigine doly şaýatlyk edýär.

— Bilşimiz ýaly, her ýylyň 7-nji aprelinde dünýä bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk güni bizde-de giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli baýramçylyk dabaralary, sport ýaryşlary geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça alyp barýan taýsyz tagallalary esasynda Türkmenistanda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Bu ugurda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, maksatnamalaýyn işler Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem-de beýleki kanunçylyk namalarynda öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Meýletinçilik hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edilip, olar degişli ugurlarda özara gatnaşyklaryň döwrebap derejede, netijeli alnyp barylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Parahatçylygyň we dostlugyň mekanyna öwrülen eziz Watanymyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek ösüp gelýän ýaş nesilleri sport bilen meşgullanmaga giňden ugrukdyrmak, beden we ruhy taýdan kämil nesilleri ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler biziň her birimizi juda buýsandyrýar. Çünki bedenterbiýe we sport ynsan saglygynyň berkemeginiň, adamlarda işjeňlik häsiýetiniň ösdürilmeginiň baş şerti bolup durýar — diýip, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy Bibi Gaýlyýewa belläp geçdi.

Maslahatyň dowamynda ýokary okuw mekdebiniň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň joşgunly çykyşlary bagtyýarlygyň owazy bolup belentden ýaňlandy.

Mahlasy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen welosipedli ýöriş hem-de aýdym-sazly dabaralar ýatda galyjy wakalara baý boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok