Çöl sebitleriniň dürli derejede çölleşen örülerini gowulandyrmagyň hem-de süýşýän çägeleri tebigy öri meýdanlaryna öwürmegiň esasy ýollarynyň biri hem meýdanlarda tokaý gorag zolaklaryny we tokaý giňişliklerini döretmekdir. Häzirki döwre çenli geçirilen barlaglar ýurdumyzyň dürli sebitlerinde tokaý giňişlikleriniň tebigy-klimat şertlerine täsir edip, oba hojalyk ekinlerniň we öri meýdanlarynyň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna önjeýli ýardam edýändigini görkezýär. Adatça, köpýyllyk öri meýdan tokaý zolaklary, esasan, ot ösümlikleriniň we çöl gyrymsylarynyň hasyllylygynyň adatdaky ýagdaýyndan 1,5-2 esse pes bolan ýerinde hem-de gyrymsy ösümlikleriň ýok ýerinde döredilýär. Şeýle ýerler çöl sebitlerinde giňden ýaýrandyr. Tokaý zolaklaryny ösümlikleriň tebigy ýagdaýda ösmegi üçin amatly bolan ýerlerde döretmek has-da gowy netije berýär. Bu ýerde gyşyna we ýazyna ygallaryň ýagmagyndan çägäniň ýokarky gatlagynda emele gelen çyglylygyň çägäniň aşaky gatlaklaryndaky çyglylyk bilen birleşýän sebitleri göz öňünde tutulýar. Aýratyn hem çägeli çöl topraklarynyň düzüminde toýunly we tozanly çökündileriň bar ýerinde ygallaryň möçberiniň ýylyň dowamynda 100 mm-den geçýän, ýerasty suwlarynyň hem 15 metr çuňlukda ýerleşen hem-de şol çökündileriň ýaýran sebitleri tokaý zolaklaryny döretmek üçin örän amatly ýerlerdir.
Tokaý zolaklarynyň ýeri saýlanylyp alnandan soňra, ol meýdanlarda agrotehniki işler geçirilýär. Zolaklaryň geçiriljek ýerleri PN-4-35 azaly (plugy) bilen sürülýär. Sürüm dekabr-ýanwar aýlarynda geçirilýär. Sürümiň çuňlugy 18-20 sm bolup, zolaklaryň arasy ýerleşdirilişine baglylykda 40, 30, 20 m-e deňdir. Şuňa laýyklykda sürülýän ýerleriň meýdany her gektarda degişlilikde 0,08 – 0,10 we 0,12 ga bolýar. Hatar aralary 2,5 we 3 m bolýar.
Öri meýdanlarynda gorag tokaý zolaklaryny döretmegiň amatly wagty Demirgazyk Türkmenistanda (Üňüzaňyrsy Garagumda, Üçtagangumda, Garabogazyň töwereginde) 20-nji dekabrdan 1-nji aprele çenli, merkezi we günorta sebitlerde (Merkezi we Günorta-Gündogar Garagum, Günorta-Günbatar Türkmenistan) gyş we irki ýaz (15-nji martna çenli) döwürlerdir. Şol döwürde nahallar, esasan, ýöriteleşdirilen maşynlaryň kömegi bilen ekilýär. Ekilýän nahallaryň mukdary zolaklaryň ýerleşdirilişine baglydyr. Zolalaryň arasy 40, 30 we 20 m bolanda, degişlilikde her gektara 600,750 we 900 düýp nahal ekilýär. Ekmek üçin bellenen kadalarda gabat gelýän boýy 50-60 sm bolan birýyllyk ak sazagyň we agaç görnüşli gandymyň nahyllary ulanylýar. Bu nahallaryň kök ulgamynyň uzynlygy 30-35 sm-den kiçi bolmaly däldir. Köpýyllyk öri meýdan gorag tokaý zolaklaryny döretmekde sazakdyr gandymyň tohumy hem ulanylýar. Onuň üçin her gektara tohumlaryň 5 kg möçberi ýeterlikdir. Tohumlar 0,5-1 sm-e çenli çukura taşlanylyp, şol wagtda üstünde mallar ýöredilip gömülýär. Gara sazak ekilen ýerlerde 2-3 ýyl geçýänçe mal bakylmaýar. Geçirilen barlaglar Garagumyň agroklimat şertlerinde ekiş üçin ak we gara sazagy hem-de agaç görnüşli gandymy, çerkezi ulanmaklygyň has peýdalydygyny tassyklaýar. Zolaklar üçin ösümlikler saýlanylyp alnanda, ýeriň agrotehniki we melioratiw ýagdaýy aýratyn göz öňünde tutulmalydyr. Meselem, eol çäge çökündileriniň galyňlygy 1,5 m-e çenli bolan, topragyň mehaniki düzüminiň agyr bolmadyk sebitlerinde, çal-goňur topraklaryň ýaýran ýerlerinde tokaý zolaklaryny diňe ak sazakdan döretmek maslahat berilýär.Şeýle hem galyň eol çäge çökündili, çöl-çäge toprakly, ýerasty suwlarynyň çuň sebitlerinde öri meýdan gorag zolaklaryny ak sazakdan döretmek maksadalaýyk bolar. Ýöne ýerasty suwlarynyň çuňlugynyň 3-4 m-den geçmeýän ýerlerinde tokaý gorag zolaklaryny döretmek üçin diňňe gara sazak amatlydyr. Ekilen agaçlaryň gögerijiliginiň hasaby güýz aýlarynda wegetasiýa döwri tamamlanandan soň alynýar. Her 4 ýyldan soň ekinleriň bir gektardaky sany hasaba alynýar. Şol döwrüň içinde gögermedik nahallaryň ýerine täzesi ekilýär. Onuň üçin ilkinji ýylda ekilen umumy nahallaryň 40%-i harç edilýär. Umuman, 4 ýyldan soň ekilen nahallaryň her gektarda 250 düýbi bar bolsa, onda goşmaça ekmekligiň zerurlygy bolmaýar.
Adam eli bilen ýetişdirilen aýry-aýry tokaý meýdanlarynyň we tokaý zolaklarynyň (meselem, Sarahs, Serhetabat öri meýdanlarynda ýetişdirilen tokaý meýdanlary, Balkanabat şäheriniň gündogarynda döredilen tokaý zolagy we ş. m) tebigatyň zyýanly hadysalarynyň öňüni almakda, çöl öri meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bardyr. Şol sebäpden hem olar gadymy zamanlardan bäri öri meýdanlarynda, oazis ýakalarynda, suwaryş desgalarynyň boýunda ösdürilip ýetişdirilipdir.
Köpýyllyk öri meýdan gorag tokaý zolaklary çöl sebitlerinde ýelleriň tizligini açyk öri meýdanlara garanyňda 1-2 esse peseldýär, ösümlikler topragy guramakdan we ýel eroziýasyndan goraýar. Süýşýän çägeleri berkidip, özboluşly mikroklimat döredýär. Tokaý zolaklarynda ösümlikleriň görnüşleri, ýokarda ady agzalan alymlaryň maglumatlaryna görä, açyk örüler bilen deňeşdirilende, iki esse köpelýär. Ot ösümlikleri bolsa, tebigy ýagdaýyndaka garanyňda has gürdür. Şol sebäpden hem ýaz aýlarynyň hasyllylygy 2-3 esse köpelýär. Ojaryň gür şahalarynyň astynda şolary halaýan birýyllyk ösümlikler ösýär. Zolaklaryň ugrunda dürli ot-iýmlik ösümliklerinden täze ösümlik görnüşleri emele gelýär. Tokaý zolaklarynyň bar ýerinde örüleriň ot-iýmlik ösümlikleriniň hasyllylygy açyk örülere garanyňda 25% ýokarydyr. Aýratyn hem sazakbilen ýowşan, efemer ösümlikleri garylyp ekilen tokaý zolalarynyň her gektary 10 sentner ot-iým we 2-3 sentnere çenli tohum berýär.
Diýar Yhtyýarow
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
geografiýa fakultetiniň daşky gurşawy öwreniş hünäriniň
III ýyl talyby.
Teswirler