Çöl tokaýlyklary barada

Güneşli Türkmenistan ýurdumyzda tokaýlaryň umumy meýdany 4264 müň gektar bolup, ol şertleýin birnäçe toparlara bölýärler. Olary toparlara bölenlerinde esasan olaryň ýerleşýän ýerlerini, agaçlaryň görnüşlerini, ösümlik we haýwanat dünýäsini, önümliligini hem-de hojalyk ähmiýetini göz öňüne tutýarlar we şu aşakdakylara bölýärler: dag tokaýlyklaryna, çöl tokaýlyklaryna, kenarýaka tokaýlyklaryna, tokaý zolaklaryna bölünýär.

Geliň indi bolsa çöl tokaýlyklarynyň düzümi barada durup geçeliň. Aziýa yklymynda iň uly çöl hasaplanýan Garagum çölüniň ösümlik örtügi adamyň işiniň täsirinde belli bir derejede üýtgän bolsa-da, belli bir derejede hem özüniň tebigylygyny saklap gelýär. Çöl tokaýlyklaryny esasan şu çöl agaçlary hem-de gyrymsy agaçlar düzýär: sazak, ojar, gandym, çerkez we birnäçe ot ösümlikleri.

Garagumdaky çöl tokaýlyklary gürlügi we ýaşy boýunça güýçli tapawutlanýar. Bu ýerde bir gektarda agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň 300-600 düýbi duş gelýär.

Çöl–çägelik tokaýlarynda sazaklyk köp duşýar. Emma ojarlyklar olara garaňda azrak meýdany eýeleýär. Ýaýran meýdany boýunça hem gory boýunça sazak esasy orun alýar. Sazak ýa-da ak sazak esasan çägeli çöllerde ösýär. Onuň kök ulgamynyň we aşaky şahalarynyň üstüni çäge basanda şahalary goşmaça kök çykarýar. Bu bolsa onuň çäge berkitmek ukubyny has-da ýokarlandyrýar. Gyş paslynda mallar üçin iň gowy ot-iým bolýar. Sazagyň tohumy güýzüň ajyryna doly bişip ýetişýär. Tohumyndan köpeldilende ýanwar-fewral aýlary ekilýär. Mundan başga-da sazak birýyllyk şitillerinden köpeldilýär.

Ojar ýa-da gara sazak esasan düzlüklerde, şorlaşan çägeliklerde, ýerasty suwlary golaý ýerleşen pesliklerde ösýär. Onuň ömrüniň dowamlylygy 50-70 ýyla, käbirleri bolsa 100 ýyl ýaşamaga hem ukuplydyr. Ekilen ýagdaýda birinji ýyllary haýal ösýär, 5-6-njy ýyllarda tizleşip ugraýar. Ak sazakdan tapawutlylykda dag etekleriniň mele topraklarynda hem duşýar. Sazak çöl çägeliklerini berkitmekde örän ähmiýetlidir.

Gandym – aklaň we berkleşen çägeliklerde giňden ýaýran çöl ösümlikleriniň biridir. Bu ösümligiň hojalyk ähmiýeti uludyr. Çöl şertlerinde gandymyň agaç görnüşleri gymmatly ýerli gurluşyk serişdesi hökmünde giňden peýdalanylýar. Gandymyň tohumy ýaz paslynyň ahyrynda tomsuň başynda doly bişip ýetişýär we maý-iýun aýlarynda taýýarlanylýar. Gandym tokaýlary tohumdan döredilende dekabr-ýanwar aýlarynda ekilýär. Ol nahalyndan we çybygyndan oňat ýetişýär.

Giňden ýaýran çöl ösümlikleriniňň ýene biri hem çerkezdir. Ol 15-20 ýyla çenli ýaşaýar. Kök ulgamy ýüzleý, üstüni  çäge basanda goşmaça kökleri emele getirýär we täze ösüş baldaklary döreýär.

Çöllerde seýrek ýaýran borjak ekilen ýagdaýda birinji ýylda boýy 8-15 sm çenli, köki 40-50 sm çenli ösýär. 30-40 ýyla çenli ýaşaýar. Borjak gadymdan bäri belli bolan dermanlyk ösümlikdir.

Mundan başga-da Garagum sährasynda ençeme dermanlyk ösümlikler hem ýaýrandyr. Ýurdumyzda duş gelýän dermanlyk ösümlikler barada Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopediki kitabynda doly berilýär. Bu kitap biz ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup durýar.

EMINE BEGMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady
adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynyň öwreniji mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok