“Ylahy zehin hemme adama berilenok. Şeýle ynsanlaryň biri-de doguluşdan ýiti zehinli, söz bilen setire nagyş çekmegiň ussady Atamyrat Atabaýewdir. “
Atamyrat Atabaýew 1948-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň 1-nji Gökje obasyna eneden dogulýar. Ol ilki oba mekdebini tamamlap soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Şahyr ýaşlygyndan başlap, gara çyranyň ýagtysyna ençeme şygyrlary ýazýar. 1975-nji ýylda “Diýarym” atly ilkinji goşgular ýygyndysy neşir edilýär. Şahyryň ilkinji goşgulary barada Kerim Gurbannepesow: “Atamyrat Atabaýewi studentlik ýyllaryndan bäri tanaýan. “Ýaş ýazyjynyň günleri” geçýän döwründe men onuň ilkinji goşgulary bilen tanyşdym. Şonda ol goşgularynyň özboluşlylygy, indiwidual tagamy bilen öz ýaşytdaşlarynyň arasynda parhlanýardy. Onuň oňat şahyr bolup ýetişjekdigine biz şol ýyllarda uly umyt baglapdyk. Umydymyz ýalan çykmady. Ol özüniň azaply ýola baş goşandygyny oňat bilýär. Şonuň üçinem ol basa oturyp işleýär. Her sözüň tagamyna, ysyna gowy düşünýär.” diýip ýazýar. Atamyrat Atabaýew okuwyny üstünlikli tamamlandan soň, “Türkmenistan” neşirýatynda, “Ýaşlyk” žurnalynda, Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginde dürli wezipelerde zähmet çekýär. Şahyr diňe bir ýazyjy däl, ol ussat terjimeçidir. Ol A.S.Puşkiniň, M.Ý.Lermontowyň, S.A.Ýeseniniň, N.A.Nekrasowyň, Gýötäniň, Baýronyň we başga-da birnäçe dünýä belli ýazyjylaryň eserlerini türkmen diline terjime edýär. Esasy bellemeli zat hem Mukaddes Gurhany ene dilimize geçirýär. Halypa şahyr mundan başga-da Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat”, Abdysetdar Kazynyň “Jeňnama” , Töwradyň I kitabyny, Mihail Bulgakowyň “Ussat we Margarita” romanyny we başga-da birnäçe eserleri terjime edýär.
Ylahy ylhamly şahyryň “Diýarym”, “Seni söýmedik bolsam”, “Çuňluk”, “Söýgüden söýgä”, “Dowamat dowam”, “Tylla terezi”, “Gumsagat”, “Bary-ýogy bir ömür”, “Başga tüýsli goşgular”, “Garaşsyzlyk ganatym”, “Başa täç edeliň Türkmenistany”, “Döwletli döwran” çagalar üçin “Bagşy bilbil”, “Dört dogan”, “Boý derege boý gerek”, “Ýaz nireden çykdy” ýaly eserleri neşir edilip okyjylar köpçüligine ýetirildi.
Ussat şahyr “Gaýrat” medaly, “Galkynyş” we “Bitaraplyk” ordenleri bilen hem-de “Türkmenistanyň Halk Ýazyjysy” diýen hormatly at bilen sylaglandy. 2019-njy ýylda halypa şahyryň 70 ýaş toýy uly derejede bellenildi.
Döredijilige durmuşyny bagş edip, edebiýat meýdanynyň bagyndaky datly nygmatlary iline goýup, ussat şahyr 2020-nji ýylyň 4-nji martynda 71 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
Atajan Eýýupow
D.Azady adyndaky TMDDI-niň talyby
Teswirler