Pedagogika barada seminar geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkeziniň guramagynda pedagogika seminary geçirildi. Muňa TSTP-nyň agzalary, TMÝG-nyň agzalary, Aşgabat şäheriniň dürli mekdepleriniň mugallymlary, diňleýjileri hem-de myhmanlary gatnaşdylar. Seminarda mugallymlar we okuwçylar üçin hödürlenýän online materiallar dogrusynda söhbet açyldy. Esasy ünsi çeken tema bolsa psihologiýanyň bilimde, telekeçilikde we döredijilikdäki ähmiýetli taraplary barada boldy. Bu tema, ýörite taýýarlanan wideolar we suratlar arkaly mysallar getirildi. Seminara gatnaşan diňleýjileriň soraglaryna jogap berildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok