Aşgabat şäherinde iki awtobus gatnawlary ýola goýulýar

HORMATLY PAÝTAGTYMYZYŇ ÝAŞAÝJYLARY WE MYHMANLARY!

«Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň  6-njy aprelinden 46-njy — «Demir ýol menzili — Gurtly» hem-de 88-nji —«Demir ýol menzili — Awtokombinat» täze ugurlarynyň açylyp, awtobus gatnawlarynyň ýola goýulýandygyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

46-njy ugur boýunça awtobus «Demir ýol menzili» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de Kemine köçesi, Türkmenbaşy Magtymguly şaýollary, Aba Annaýew köçesi we Gurbansoltan eje şaýoly bilen hereket edip, «Gurtly» belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna şu ugur boýunça hereket edip, «Demir ýol menzili» belleniş nokadyna gelýär.

88-nji ugur boýunça awtobus «Demir ýol menzili» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de Kemine köçesi, Türkmenbaşy, Magtymguly şaýollary, S.Myradowa köçesi we A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, «Awtokombinat» belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna şu ugur boýunça hereket edip, «Demir ýol menzili» belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

28-58-15, 28-60-30.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok