WATANÇYLYK TERBIÝÄNIŇ WAGYZÇYSY

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyndaky ilkinji sany çapdan çykdy.

Harby-watançylyk, jemgyýetçilik-syýasy we edebi-çeper žurnalyň ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kabul eden we durmuşa ornaşdyrýan döwrebap harby özgertmelerini, mukaddes serhetlerimiziň ygtybarly goragynda gulluk alyp barýan serhetçileriň gulluk-durmuşyny wagyz etmek öňde durýan maksatlary bolup durýar.

Žurnalyň nobatdaky sany hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň eziz Watanymyza ak ýürekden gulluk etmek hakynda aýdan watançylyk sargytlary bilen açylýar.

Başky makala «Döwrebap kanunçylyk — rowaçlygyň binýady» diýlip atlandyrylyp, onda ýurdumyzy iki palataly parlament ulgamyna geçirmek we parlementiň özgerdilmeginiň netijesinde türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklaryna wekilçilik etmek, döwrüň möhüm meselelerini çözmek, kanunlary taýýarlamagyň hem-de ulanmagyň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak mümkinçiligi dogrusynda giňişleýin beýan edilýär.

Žurnalyň nobatdaky makalasy «Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň syýasaty» diýlip atlandyrylýar. Bu makala hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasy bilen amala aşyrylýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň halkara gatnaşyklaryndaky ornuna bagyşlandy. Onda Bitaraplyk derejesi dünýäniň ähli döwletleri bilen gatnaşyklary dostluk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýmak üçin şert döredýändigi dogrusynda aýdylýar. Bu ýurdumyzda milli Liderimiz ýolbaşçylygynda sebitde we tutuş dünýäde ylalaşdyryjylyk wezipesini ýerine ýetirmäge, bu wezipeler çözülende Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna ýardam etmäge mümkinçilik berýär.

Giň mazmunly «Täze binalar we harby tehnikalar serhetçilere baýramçylyk sowgady boldy» diýen makalada üstümizdäki ýylyň 27-nji ýanwarynda bellenilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli serhetçilere sowgat berlen täze ýaşaýyş jaýlaryň, döwrebap gulluk maksatly binalaryň, kämil harby tehnikalaryň goşun binýadyna gelip gowuşmagy dogrusynda söhbet edilýär.

Onuň yzysüresinde ýerleşdirilen «Türkmen alabaýy — wepalylygyň we edermenligiň nusgasy» atly makalada Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen alabaý» tohumly itleri köpeldiş we kämilleşdiriş merkezi hem-de onda ýetişdiriljek tohum itleriniň asyl gelip çykyş taryhy dogrusynda giňişleýin gürrüň berilýär.

«Zenan — zemin zynaty» atly makala Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen dabaraly çäreleri, taryhda zenan şahsyýetlerimiziň görkezen edermenliklerine bagyşlandy.

Žurnalyň nobatdaky makalasy bolsa «Agzybirligiň we milliligiň baýramy» adyna eýe bolup, Nowruz baýramyna bagyşlanandyr. Onda halkymyzyň gadymdan gelýän däpleri, ynanç-ygtykatlary we baýramyň geçiriliş aýratynlyklary hakynda gymmatly maglumatlar bar.

Döwrüň ösüşine itergi berýän sanly ulgam hakyndaky «Sanly ulgam — döwrüň talaby» atly makalada Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan möhüm işler barada söz açylýar.

Harby ylym düşünjesini ylmy nukdaýnazardan jikme-jik açýan «Harby ylym düşünjesi» atly makala harby sungatyň syrlaryna aralaşmaga ýardam berjekdigi ikuçsyzdyr.

Döwlet serhedi gije-gündiz, ýylyň ähli paslynda üznüksiz goralýar. Bu olaryň gulluklarynyň aýratynlyklarynyň biridir. Žurnalyň araky sahypalarynda gyşyň aňzak sowgunda gar ýagan halatynda serhetçileriň alyp barýan gulluklaryny wagyz edýän edýän suratlar ýerleşdirlendir.

«Türkmen futzaly rowaçly ýollarda» atly nobatdaky makala Gullugymyzyň türgenleriniň sportda gazanýan üstünliklerini beýan edýär. Makalada halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda ýurdumyzyň adyndan üstünlikli çykyş edýän gullukçylarymyzyň ýeňişleri we taýýarlyk türgenleşikleri dogrusynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda ýylyň başynda yglan edilen «Esger kalbynyň joşguny» atly döredijilik bäsleşigine gelen eserleriň iň gowularyny özünde jemlän, «Esger kalby joşanda…» atly şygar berlen sahypalarda bolsa çagyryş boýunça harby gullukçylaryň we harby talyplaryň arasyndan döredijiligiň şygyr žanry bilen iş salyşýanlarynyň watançylyk ruhly şygyrlary ýerleşdirildi.

Indiki makala Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň, ýurdumyzyň teatrlarynyň artistleriniň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy tarapyndan «Wepadar» atly çeper filme bagyşlandy.

Şeýle-de «Serkerdäniň terbiýe mekdebi», «Ussat yzçy» atly makalalar halypalaryň nusgalyk mekdepleri hakynda söz açýar. Iki ömrüň serhet goragyna bagyşlanan bolmagy ýaş nesillerde watançylyk terbiýäni kemala getirjekdigini aýdyň dabaralandyrýar.

«Elektron sanly goluň hukuk binýady: milli we dünýä tejribesi» atly sanly ulgama degişli makala-da okyjylary duşundan geçirmeýär. Onda sanly ulgamyň hukuk binýatlary we mümkinçilikleri hakynda gürrüň berilýär.

Nobatdaky malaka «Taryhda türkmen harbysynyň daşky keşbi we geýim esbaplary» atly bolup, ylmy-taryhy nukdaýnazardan ýazylandyr.

 Ýylyň her çärýeginde bir gezek çap edilýän «Serhet abat — Döwlet abat» žurnaly okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Gulluk suratlar bilen göwnejaý bezelen neşirde watançylyk terbiýäniň, halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň goragynyň, serhetçileriň gündelik gulluklarynyň aýratynlyklary barada täsirli gürrüň berilýär.

Žurnalyň ahyrky sahypalaryny ««IQ» test» we «Hany, oýlanyp görüň!» atly krossword eýeleýär. Şeýle-de žurnalyň ahyrky daşky sahabynyň içi ýüzünde «Serhet owazlary» aýdym-saz we tans toparynyň dabaraly çärelerdäki çykyşlaryndan pursatlarynyň suraty hem-de Gülşirin Hanowanyň «Baky ygtybardyr Watan serhedi» atly şygry ýerleşdirilendir. Serhet durmuşyny beýan edýän gyşda düşürilen owadan gulluk suraty bolsa žurnalyň ahyryndaky sahabynyň daşyny bezeýär.

Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan döwlet syýasatyny, durmuşa geçirýän harby özgertmelerini, watansöýüjiligi, mertligi, ata Watana ak ýürekden gulluk etmekligi, serhetçileriň jogapkärli gullugyny giňden wagyz edýän «Serhet abat — Döwlet abat» žurnaly ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň şahsy düzüminiň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, Watan mukaddesligini ýokary götermekde ähmiýeti uludyr.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok