Bäsleşigiñ ýeñijileri yglan edildi

Şu gün paýtagtymyzdaky Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň çagalar sungat mekdepleriniň 2019-2020-nji okuw ýylynda tamamlajak uçurymlaryň arasynda yglan eden «Bitaraplygyň waspy dillerde dessan» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürjek ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran ýaşlaryň onlarçasy gatnaşdy. Onda okuwçylar milli we halk, üflenip we kakylyp çalynýan, ýörite fortepiano, kirişli saz gurallary bölümlerinde öwredilýän on bir saz guraly boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Ýurdumyzyň çagalar we sungat mekdepleriniň halypa mugallymlary tarapyndan düzülen eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, Lebap welalaýynyň Türkmenabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Batyr Joraýew, Nargis Karimowа, Ahmet Atamyradow, şäheriň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Selbiniýaz Rahmedowa, Dänew etrabynyň Seýdi şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Artyk Ruslanow, Çärjew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Oguljemal Azatowa, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 20-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Oraz Allanazarow, şäheriň Mollanepes adyndaky 1-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Elçin Mamedow, Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Akmuhammet Kowusow, Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Nowruz Parahadow, Aşgabat şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Asuda Çerkezowa, Bägül Azadowa, Ilýa Lurýew, 3-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Daniel Ismailow, 6-njy çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Jumadurdy Muhammetgulyýew, Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Miras Ýakupow, Alişer Dosçanow, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Baýrammyrat Rejepow dagy ýeňiji bolmagy başardylar. 

Bäsleşikde ýeňiji bolan çagalar sungat mekdebiniň okuwçylaryna guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

— Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramy uludan belleniler. Şanly senäni zähmet üstünlikleri bilen garşylamak üçin ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda hem birnäçe işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary şu günlerden şanly sene mynasybetli täze eserleriň üstünde işleýärler.

Şu günki çagalar sungat mekdepleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň hem täze zehinleri ýüze çykarmakda uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin. Bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň dürli saz gurallaryna erk edip, milli hem-de dünýä belli sazlary ýerine ýetirmekleri, okuwçylaryň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň medemniýet bilen içgin gyzyklanýandyklaryny görkeüzýär.

«Medeniýet halkyň kalbydyr!» diýip, milli medeniýetimizim sungatymyzy ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris! — diýip, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Öwezmyrat Gandymow belläp geçdi.

Ýeňijilere sylaglanandan soň, oňa gatnaşan okuwçylaryň döredijilik konserti geçirildi. Onda milli hem-de daşary ýurt kompozitorlarynyň dürli ýyllarda döreden sazlary belentden ýaňlandy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok