Koronawirus gyzgyn liniýasy hyzmatda

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda öz täsirini görkezen KOWID-19 epidemiýasy barada raýatlara maglumat bermek maksady bilen gyzgyn liniýany ýola goýdy.

Maglumat almak isleýän raýatlar 73 95 35 telefon belgisine jaň edip bilerler.

Koronawirus respirator ýokanç keseli bilen Türkmenistanda häzirki wagta çenli hasaba alynan raýatlar ýok. Bu keseliň barlagyny islendik saglyk öýlerinde almak mümkin.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok