Maglumatlaryň sanlylaşdyrylýan, iş ýerleriniň kompýuterleşdirilýän döwründe gündelik durmuşda her ädimde ösen tehnologiýa bilen baglanyşykly işler bilen meşgullanmaly bolýarys. Bu, bir tarapdan, işleriň oňaýlylygyny, çaltlygyny üpjün edýän hem bolsa, ikinji tarapdan, maglumat tehnologiýalarynyň çendenaşa köp ulanylmagy hereketiň çäklenmegine getirýär. Biz bu babatda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy kafedrasynyň mugallymy Aýna Nyýazmyradowa bilen söhbetdeş bolduk.
— Az hereketlilik haýsy keselleriň döremegine getirýär?
— Lukmançylykda gipodinamiýa diýlip atlandyrylýan, az hereketliligiň netijesinde, esasan hem aşgazan-içege, ýürek-damar ulgamynda näsazlyklar döreýär. Damarlaryň ýygrylyp-ýazylmak mümkinçiligi peselip, gan aýlanyşygy haýallaýar. Sebäbi damarlaryň öz işini doly amala aşyrmagy üçin myşsalar hereketde bolmaly. Madda çalşygynda emele gelýän dürli galyndylaryň bedenden çykarylmagy bolsa gan aýlanyşygynyň tizligi bilen bagly. Hereketiň azlygy bilen bedende uzak wagt saklanan galyndylar beden üçin toksin hökmünde täsir edip, käbir beden agzalarynyň näsazlygyna getirýär.
Iýilýän iýmitiň möçberiniň bedeniň ýakýan kaloriýasyndan artyk bolmagy semizlige getirýär. Şeýlelikde, iýmit önümleri ýag görnüşinde bedeniň dürli böleklerinde ýygnanýar. Semizlik bolsa süýjüli diabetiň döreme howpuny ýokarlandyrýar.
— Hereketiň azlygy çagalaryň fiziki ösüşine nähili täsir edýär?
— Çagalaryň ösen tehnologiýadan habarly bolmagy, ukyp-başarnygyny kämilleşdirmegi döwrüň esasy talaby bolup durýar. Emma tehnologiýany gereginden artyk ulanmak çagalarda telefona, kompýuter oýunlaryna baglylygy döredýär. Birnäçe sagatlap yzygiderli kompýuteriň öňünde oturmak bilen, çagalaryň hereketi ep-esli azalýar. Munuň netijesinde, olaryň bedeniniň ýokanç kesellere garşy göreşmek ukyby peselýär. Perwaýsyzlyk, işdäsizlik, ukusyzlyk ýaly alamatlar ýüze çykýar.
Maglumat tehnologiýalaryna baglylygyň öňüni almak üçin çaganyň wagtyny peýdaly geçirmegini, sport bilen meşgullanmagyny gazanmaga çalyşmaly. 2-3 ýaşa ýeten çaga ýönekeýje maşklary etmegi öwretmeli. Birsydyrgyn maşklary ýerine ýetirmekden çagalaryň boýun gaçyrmagy mümkin. Şonuň üçin maşklary oýun görnüşinde gurap, aýdymdyr goşgularyň kömegi bilen, olarda maşklara bolan gyzyklanmany döredip bolar.
— Iş ýerlerinde az hereketliligiň öňüni almakda alnyp barylýan işler barada nämeler aýdyp bolar?
— Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň» çäklerinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan orta ýaşly we gartaşan raýatlar üçin «Sagdyn we ruhubelent boluň!» atly, şeýle hem ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalarynda zähmet çekýänler üçin «Önümçilik gimnastikasy» barada usuly gollanmalar işlenilip taýýarlanyldy. Önümçilik gimnastikasy maşklaryň uly bolmadyk toplumy bolup, olar işçileriň işe bolan ukyplylygyny ýokarlandyrmak we işiň dowamynda ýadawlygy, myşsalaryň gysylmasyny we dartgynlylygyny aýyrmak maksady bilen iş gününiň tertibine girizilýär.
— Kadaly iýmitlenmegiň ähmiýeti barada hem durup geçäýseňiz?
— Berk bedenli bolmak üçin sport bilen meşgullanmak, maşk etmek, ýeterlik uklamak bilen bir hatarda iýmitiň rejeliliginiň üpjün edilmegi hem örän wajypdyr. Her gün belli bir wagtda iýmek endigi bedeniň sazlaşykly işlemegine oňaýly täsirini ýetirýär. Her bir adamyň bedeniniň gurluş aýratynlygyna, sarp edýän kaloriýasynyň möçberine laýyklykda, iýmit rasiony düzülmeli. Iýmitiň düzümindäki beloklar, uglewodlar, ýaglar ýeterlik mukdarda bolmaly. Kähalatlarda horlanmak maksady bilen, ýaglaryň iýmit rasionyndan bütinleý aýrylýandygyny görmek bolýar. Emma bu bedene ýaramaz täsirini ýetirýär. Günüň dowamyndaky iýmitiň düzüminde 30 milligrama çenli ýag önümleriniň bolmagy beden üçin zerurdyr.
Agşamlyk naharyny, mümkin boldugyça, sagat 6 bilen 7 aralygynda edinmek maslahat berilýär. Käbir sebäplere görä, agşamlyk naharyny giç edinmeli bolsa, nahardan soň gezelenje çykmak iýmitiň çalt siňmegine ýardam berýär.
— Günüň dowamynda näçeräk hereket etmek talabalaýyk hasaplanýar?
— Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, günüň dowamynda uly ýaşly adamlaryň 10 müň ädim, ýaşlaryň bolsa, munuň 2-3 essesini ýöremegi talabalaýyk hasaplanylýar. Her gün yzygiderli ýöremek diňe saglygymyzy berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, özümizi juwan duýmagymyza hem ýardam edýär.
Mundan başga-da, ýöremek gan aýlanyşygynyň tizligini artdyrmaga, gan basyşynyň ýokarlanmagynyň öňüni almaga, beýnä barýan kislorodyň mukdaryny köpeltmek bilen, pikirleniş ukybyny, zehin mümkinçiligini artdyrmaga, bedeniň dürli kesellere garşy durnuklylygynyň güýçlenmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Säher bilen ýöremäge çykýan adam günuzyn şähdaçyk bolýar. Bu bolsa ýörelýän mahaly bedende adrenalin, kortizol ýaly dartgynlylyk gormonlarynyň azalyp, keýpiköklügi üpjün edýän endorfiniň öndürilýändigi bilen baglanyşyklydyr.
— Ylgamaga girişjeklere nähili maslahatlar berilýär?
— Öň ylgamaýan adamlar ylgawa girişmezden ozal, ilki bilen, köpräk ýöremek arkaly, bedenini öwrenişdirmeli. Birnäçe günläp belli bir aralyk ýöräp geçilenden soňra, bellenen aralygy we sarp edilýän wagty artdyryp, bedene agram salmazdan, ýuwaş-ýuwaşdan ädimleri çaltlaşdyrmaly. Her ylgawdan öňürti bolsa 10-15 minut ýöremek, eglip-galmak ýaly maşklary ýerine ýetirmek gyzyşmak üçin hökmanydyr.
Üns berilmeli zatlaryň ýene biri, ädimleriň arasyny açyp, Ýerden gaty ýokaryk galmazlykdyr. Şeýle edilende aýaklar çalt ýadaýar. Oňurganyň dik saklanmagy hem-de demiň burundan alnyp, agyzdan goýberilmegi möhümdir. Ylgaw wagty aýaklaryň arkaýyn hereket etmegi üçin sport aýakgabyny 1 ölçeg uly almak maslahat berilýär.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, hereketde bolmak — bu sagdyn durmuşdyr, bagtyýarlykdyr, ruhubelentlikdir.
— Aýna mugallym, beren maslahatlaryňyz, gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sagboluň! Size işiňizde uly üstünlik arzuw edýäris!
Teswirler