Brending barada workshop geçirildi

Islendik biznesi, önümi, şahsyýeti ýa-da geografiki önümi halk köpçüligine dogry tanatmak üçin göz öňüne tutulmaly iň esasy mesele “brending” bolsa gerek.

Biznesde “marketing” we “satyş” bilen bir hatarda “brending” aňlatmasy hem ýygy ýygydan agzalýar. Käte bu üç aňlatmany birbiri bilen hem bulaşdyrýanlar bolýar.

Marketing – önümiň ýa-da hyzmatyň bazary döretmek. Satyş – olaryň satyş işleri amala aşyrmak, müşderä ýetirmek üçin ulgamlar we strategiýalar.

Brending bolsa, hödürlenýän önüm we haryt barada sarpedijileriň, ulanyjylaryň we müşderileriň aňynda galdyran täsiri.

Brending diýlende käte “logotip” bilen hem bulaşdyrylýan pursatlary bolýar. Grafiki işler branding bolman, olar haryt üçin özboluşly nyşan bolup durýar. Ýagny belli bir logotip, reňk kombinasiýalary, şriftleri gören adamyň aň asty huşunda gönümel öz tanyş brendini ýatladýar. Brend aslyýetinde bir önümiň, kärhananyň, şahsyýetiň ýa-da hyzmatyň abraýy we reputasiýasy diýmek.

Brend üçin logotip hökman däl. Mysal aýdylanda “Gubadag” diýen söz aýdylanda halk köpçüliginiň aňynda ilki bilen etrabyň ýa-da dagyň ady däl-de, fitçi göz öňüne gelýär. Sebäbi Gubadag etrabyndaky çaýhanalarynda fitçi iýip gören myhmanlaryň halkyň arasynda onuň lezzeti baradaky eden gürrüňleri giňden ýaýrady. Daşoguz welaýatyna beýleki welaýatlardan baran zyýaratçylar Gubadag etrabyna sowulman geçmeýärler. Bu bolsa Gubadag etrabynda syýahatçylygyň, çaýhana biznesiniň pajarlap ösmegine uly goşant goşdy.

Şeýle mysallar bilen TSTP-nyň Aşgabat şäher kommitetiniň işjeň agzasy, “Diller dünýäsi” dil merkeziniň mugallymy Merdan Ataýew Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezinde geçirilen workshop görnüşli duşuşygyň açylyşyny etdi.

Grafiki dizaýn, logotip, piktogramlar, şygar ýaly aňlatmalar, bir kärhana ýa-da gurama öz brandbook instruksiýasyny işläp düzende üns bermeli ýagdaýlary barada, her reňkiň adamyň psihologiýasyna berýän täsiri barada Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby, TMÝG-nyň Aşgabat şäher geňeşiniň işjeň agzasy Nurmyrat Gurbangylyjow çykyş etdi.

Çykyşyň dowamynda Türkmenistanda we dünýäde belli brendleriň mysallary görkezildi. Ýeri gelende gatnaşyjylar bilen interaktiw gürrüňler edildi.

Dizaýnyň arhitektura, interýer, grafiki we beýleki görnüşleriniň arasyndaky tapawutlar mysallary bilen görkezildi. Müşderiniň dizaýnerden talap edip biljek ýumuşlary we garaşmaly däl talaplary baradaky ýagdaýlar hem aýdylyp geçildi.

Dizaýnlary görnüşlerinden daşary, heň ýa-da melodiýa bilen hem mahabat rolikleriniň taýýarlanşy bilen tomaşaçylaryň aňynda galmagy maksat edinýändigini agzap geçildi.

TSTP-nyň Aşgabat şäher kommitetiniň hem-de TMÝG-nyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem hyzmatdaşlygynda geçen workshop duşuşyga telekeçiler, raýatlar, edara-kärhanalaryň wekilleri, dürli mekdeplerden okuwçylar, talyplar, mugallymlar gatnaşdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok